Mary welaýatynyň häzirki zaman söwda toplumynyň köp ugurly bazarynyň gurluşygy başlandy. Umumy meýdany 50 gektar bolan bu täze gurluşyk Mary şäheriniň günbatar tarapynda Mary etrabynyň çäklerinde ýerleşýär.
Gurluşyk materiallaryny, hususanda çagly daşamak üçin gurluşyk meýdançasyna barýan ýollar çekildi. Elektrik energiýasyny we wagtlaýyn elektrk geçirijileri çekmek işleriniň köp bölegi tamamlandy. Gurluşyk döwründe (ofis, naharnaha, ammarlar, armirlemek poligony) gerek bolan adminstratiw, durmuş we hojalyk ähmiýetli binalaryň gurnama işleri alnyp barylýar.
Ýanwar aýynyň birinji on günlüginiň ortalaryna 1,5 müň kubmetrden gowrak çäge-çagyl garnuwy eltildi. Gurluşyk işlerinde kuwwatly ýöriteleşdirilen gurluşyk tehnikalary – buldozerler, ekskwatorlar, köp ýük göterýän ýokary öndürijilikli awtoulaglar ulanylýar. Geljekki söwda pawilýonlarynda – bu müňlerçe dükanlardyr, 1600-den gowrak söwda prilawkalarynda ulag söwdasy boýunça bölüm – hojalyk-durmuş harytlary, gurluşyk materiallary we mebeller, dokma we aýakgap, durmuş tehnikalary, galantreýa we parfýumeriýa, zergärçilik we haly önümleri, halk senetçiliginiň önümleri peýda bolar.
Aragatnaşyk nokatlar ulgamy, pul alyş-çalyş nokady, jemgyýetçilik iýmiti nokatlary, ammar jaýlary, bir ýarym müň orunlyk ulag goýulýan ýer – bularyň ählisi satyjylaryň we alyjylaryň hyzmatynda bolar. Mary welaýat häkimligi bu gurluşyk desgasynyň buýurjysy, “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti bolsa potratçysy bolup çykyş edýär. Gurluşygyň bahasy 113 million 900 nüň manatdyr. Şertnama laýyklykda desgany 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.