Ï Saglygy goraýyş durmuşy özgertmeleriň gözbaşynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygy goraýyş durmuşy özgertmeleriň gözbaşynda

view-icon 1147
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki resminamalar bilen br hatarda lukmançylyk ylmyny we tejribesini, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan Karara gol çekdi. Milli Liderimiz ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Hususan-da, kabul edilen çözgüde laýyklykda Aşgabatdaky halkara lukmançylyk merkezleri direksiýasynyň düzümine girýän Halkara lukmançylyk merkeziniň durky täzelener, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezi dörediler. Onuň üçin häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap bina gurlar.

Ozal habar berlişi ýaly, Okuw-ylmy merkeziniň düzümine okuw hem-de kliniki barlaghana, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlag-seljeriş bölümi girer. Onuň kömegi arkaly lukmanlar we hünärmenler tejribe okuwlaryny geçirerler, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrarlar, derwaýys işläp taýýarlamalary, düýpli hem-de amaly barlaglary geçirerler, öňdebaryjy usullary hem-de tehnologiýalary, dünýäniň oňyn tejribelerini öwrenerler we synagdan geçirerler.

Umuman aýdanyňda, täze guramaçylyk düzümi hökmünde merkez pudakda bitewi ulgamyň merkezine öwrülmek bilen, anyk netijelere gönükdirilen lukmançylyk ylmynyň strategiýaysyny we sazlaşykly ösüş ugruny kesgitleýär hem-de onuň hil mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelýän ösüşiň innowasion ýoluna geçmegi üçin maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk şertleri döredilýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň döwrebaplaşdyryş häsiýete eýedigini alamatlandyrýan bu çözgütler ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň we jemgyýetçiliginiň arasynda giň hem-de işjeň goldawa eýe boldy. Hut şonuň üçinem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümlerinde birnäçe maslahatlar geçirildi. Olarda kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek, pudaklaýyn düzümleriň özara gatnaşyklary, ýüze çykýan mümkinçilikleri özleşdirmek we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan täze wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmazdan, ylmyň geljekki gazananlarynyň esasynda ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary netijeliligini hem-de hilini gazanmazdan, Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek mümkin däldir. Şeýle wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmekde häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler, häzirki döwürde özüniň enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýäde öňdäki orunlarda durýan şypahana-dynç alyş ugruna eýerýän dürli kärhanalar möhüm orny eýeleýär. Bu babatda halkara lukmançylyk merkezler ulagymyna aýratyn orun degişlidir.

--Ilatyň saglygyny goramak ugrunda gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada aýdanyňda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň diňe bir dürli enjamlar däl-de, eýsem öňi bilen ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmalydygny, bejerişiň täze häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmalydygyny we näsaglara dünýäniň lukmançylyk ylmynda bar bolan ýöriteleşdirlen hyzmatlaryň giň görnüşleriniň hödürlenmelidigini bellemeli diýip nygtamak bilen, Halkara merkezler direksiýasynyň baş direktory Sona Annanyýazowa biziň pudagymyzdaky ähli innowasiýalaryň baş maksady türkmenistanlylaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan we olara edilýän hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de adamlaryň saglygyny berkitmekden ybaratdygyny belleýär.

-- Munuň özi her bir lukmançylyk edarasynyň işiniň mazmunyny we ähmiýetini kesgitleýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň lukmançylyk kärhanalarynyň meselelerine örän ünsli çemeleşýändigini, olaryň işini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny we höweslendirýändigini aýratyn bellemeli. Milli Liderimiziň Halkara lukmançylyk merkeziniň durkuny täzelemek, şeýle hem ozalky hereket edýänlerinden daşgary täze binanyň gurluşygy boýunça taslamany oňlamagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Merkeziň täze bäş gatly binasynda ýürek kemisligi, ýüregiň dürli kesellerini hirurgiki bejeriş, ýürek işemiýa kesellerini bejeriş, arterial gipertoniýa, intensiw bejeriş, operasiýa we beýleki birnäçe ýöriteleşdirilen bölümler hem-de otaglar bolar. Umuman alanyňda, bölüm 120 oruna niýetlenendir. Täze bina iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlary we häzirki döwürde bar bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler.

Aşgabatda kardiologiýa ylmy merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bolan hassahananyň täze binasynyň gurulmagy we şeýle desgalaryň ýurdumyzyň welaýatlarynda hem bina edilmegi häzirki döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň geriminiň giňdiginden habar berýär.

Täze lukmançylyk desgalarynyň gurulmagy, ýurdumyzyň derman senagaty ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň durkunyň täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy telelukmançylygy hasaba almak bilen, saglygy goraýyş edaralarynyň dolulygyna kompýuterleşdirilmegi, lukmançylyk ulgamyna maksada laýyk goldawyň berilmegi, ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanmagy döwlet Baştutanymyzyň adamlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň oňyn netijeleridir.

Saglygy goraýşy ösdürmegiň innowasion ugry anyklaýyş we bejeriş edaralarynyň we lukmançylyk ylmynyň ýygjam gatnaşygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyklykda ylmy lukmançylyk barlaglarynyň meýilnamalaşdyrylmagyny, ylmy netijeleriň lukmançylyk tejribesine giňden ornaşdyrylmagyny, şeýle hem ylmyň gazananlarynyň aňrybaş derejede peýdalanylmagyny üpjün etmäge ukyply hünärmenleriň maksada laýyk derejede taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde okuw-ylmy merkeziň döredilmegi saglygy goraýşy ösdürmegiň maksatnamasynyň strategik meýillerine laýyk gelýär. Munuň özi anyklaýşyň täze usullaryny, bejerişiň we näsaglary bejermegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ýokanç keselleriň öňüni almagy, täze dermanlyk serişdeleriniň we ýerli önümçilikde lukmançylyk önümleriniň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin şertleriň döredilmegine mümkinçilik berer. Täze merkeziň işi lukmançylyk ylmynyň we lukmançylyk maglumatlarynyň ulgamynyň döredilmegini, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, şeýle hem täze lukmançylyk tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen meýilnamalaýyn ylmy-barlag maksatnamalarynyň kemala gelmegini şertlendirer.

--Saglygy goraýyş ulgamynda innowasiýalaryň döredilmegi we olaryň ulanylmagy öňi bilen keselleriň öňüni alyş we bejeriş babatynda durmuş we ykdysady wezipeleri çözmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasaty arkaly berkidilendir—diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory Gurbannazar Ataýew aýdýar. Ynsan saglygy diýen düşünje bir ugruň, hususan-da, diňe lukmançylygyň çäklerinde jemlenmeýär. Ilatyň saglygyny goramak meselesini jemgyýetiň we döwletiň beýleki pudaklaryndan üzňelikde seretmek mümkin däldir.

Biziň ýurdumyzda ilatyň sanynyň yzygiderli artýandygyny belläliň. Munuň özi produktiw saglyk gullugynyň işiniň netijeliligini görkezýärmi? Elbetde, ýok, munuň özi ýurduň durmuş we syýasy durnuklylygynyň, adamlaryň maddy abadançylygynyň ýokarlanýandygynyň, olaryň ertirki güne bolan ynamynyň artýandygynyň netijesidir.

Halkyň saglygy—milli derejäniň görkezijisi, dolandyryş guramalarynyň, umuman alanyňda döwletiň syýasy-ykdysady ulgamynyň ähli ýörelgelerine bolan ynamy kadalaşdyrýan ýagdaýdyr. Saglyk diýlende, adamyň we maşgalanyň diňe bir abadançylygy däl, eýsem ýokary zähmet mümkinçilikleriniň zerur şertleridir, medeni derejäniň görkezijisidir, netijeli döwlet dolandyryşyň has aýdyň görnüşidir.

Ekologiýa ulgamynda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda ýüze çykýan üýtgetmeleri we meýilleri seljermezden, häzirki döwürde ýüze çykýan keselleriň häsiýetine düşünmek mümkin däldir. Bularyň hemmesi ylmy barlaglary ilkinji orna çykarýar we onsuz saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitleri eýeläp bolmajakdygyny äşgär edýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi barada aýdylanda bolsa, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur ylma we innowasiýalara daýanýan maglumat jemgyýetini, ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça öňde goýan wzipeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi örän çylşyrymly we jogapkärli wezipedir. Onuň oňyn çözülmegi üçin milli LIderimiz biziň ýurdumyzda dünýä derejesine laýyk gelýän barlaglar geçirer ýaly oňaýly ýagdaýyň döredilmegi, tejribe we amaly nukdaý nazaryndan möhüm ugurlar boýunça ylmy işläp taýýarlamalara goldaw berilmegi ugrunda ägirt uly tagallalary edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezi Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlarynyň täze ugurlarynyň amaly hem-de tejribe esaslaryny emele getirmelidir. Ony döretmek üçin dünýäniň şeýle merkezleriniň öňdebaryjy tejribeleri jikme-jik öwrenildi we şolaryň esasynda emele gelýän täze düzüm onuň döredilmegini, önümçilige innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny we sanynyň artdyrylmagyny üpjün edýän lukmançylyk innowasiýalarynyň merkeziniň döredilmeginiň başlangyç tapgyry bolup durýar. Şu jähetden merkeziň işiniň esasy ugurlary anyk netije gazanylmagyna we ilat üçin täze lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag taslamalaryny işläp taýýarlamakdan we ony durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Merkezde jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň birnäçe ugurlary jemlener. Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary Okuw-ylmy merkezi bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmagy meýilleşdirýär. Diňe ylmy işleriniň we bejeriş tejribesiniň esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkin. Çünki lukmançylyk ulgamynda her adama anyk we duýarlykly peýda bermese, onda ylmy netijeler peýdasyz bolýar.

Şol bir wagtyň özünde lukmançylyk ylym bilen aýakdaş gitmeli. Çünki lukmançylyk pelsepesi tejribäni we bilimi, durmuşyň iň hereketli we sazlaşykly ulgamyny ugur edinýär. Hut şonuň üçinem Okuw-ylmy merkez ýaly milli saglygy goraýyş ulgamynda täze düzümiň döremeginiň örän derwaýysdygyny ýene bir gezek bellemek isleýärin. Bu düzümiň atlandyrylyşynda okamak, bilmek, tejribe toplamak we täze gözýetimleri açmak ýaly ösüşiň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar. Bu bolsa uly alym hem-de tejribeli lukman bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler maksatnamasynyň esasyny düzýän ýagdaýdyr.

-- Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi diňe bir mese-mälim bolman, ol ýurdumyzda bolup geçýän syýasy, durmuş hem-de ykdysady özgertmeleriň ýokary depginine şaýatlyk edýär-- diýip, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet hirurgiýa kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýew bu şanly waka mynasybetli öz pikirini beýan edýär.

-- Bu geň zat däldir, sebäbi saglygy goraýyş pudagy köp ugurlary, biologiýadan başlap, demografiýa, medeni we ruhy ulgamlary öz içine alýar. Munuň durmuşyň hilini görkezýän esasy görkezijidigini ynamly aýdyp bolar. Adamlaryň kesellemegi, ömüriniň dowamlylygy, beden taýdan ösüşi, bu zatlaryň ählisi halkymyzyň däp-dessurlary, tebigy howa şertleri, jemgyýetiň bilim derejesi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň sanawyny döwrüň ählumumy meseleleri bilen baglanyşykly beýleki görkezijiler bilen hem dowam etdirip bolar. Türkmenistan şu meseleleri çözmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine öz uly goşandyny goşup biler.

2012-nji ýylda Büdindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklandygy barada siz bilýänsiňiz. Ýokanç kesellere garşy durmak boýunça meýilnama esasynda geçirilen çäreleriň, şeýle hem şu maksat bilen zerur bolan goşmaça çäreleriň ýokary hilli amala aşyrylmagy netijesinde 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýüze çykmagynyň bir ýagdaýy hem hasaba alynmady. Ondan öňräk Türkmenistan poliomielit keselinden saplanan ýurt hökmündäki derejäni tassyklaýan halkara sertifikatyna mynasyp boldy. BSGG şeýle hem Türkmenistany gyzzyrma keselini tutuşlygyna ýok eden ýurtlaryň sanawyna goşdy.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň geçen ýyl akademiki bilim berýän lukmançylyk edaralarynyň Bütindünýä maglumatlar gaznasynyň “Awisenna” direktoriýasynyň sanawyna goşulmagy ähli lukman mugallymlaryň aýratyn buýsanjyna öwrülen ýene bir waka boldy.

Häzirki döwürde ilatyň saglygyny goramak meselesi diňe bir döwletiň durmuş syýasatynyň bölegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş milletiň we her bir anyk adamyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli ugurlary öz içine alýan durmuş hakykatydyr, bu milletiň howpsuzlygynyň örän möhüm pudaga we dünýewi döwletiň ýokary derejede ileri tutýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň adama, onuň mertebesine, bähbitlerine we hukuklaryna gulluk etmelidigini nazara almak bilen bu meseläni döwlet syýasatynyň üns merkezinde goýup, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş konsepsiýasyna milletiň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň esasy kepili bolup durýan derejäni berdi.

Döwlet Baştutany ilatyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen şunda bu maksat üçin saglygy goraýyşyň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy, adamlaryň saglygyny goramaga bolan kanuny hukuklaryny üpjün etmegi, bu meseleleri çözmäge has giňişleýin çemeleşmegi gündelik iş tejribesine ornaşdyrdy. Onuň düýp özeni bolsa, halkyň durmuşynyň ýokary hilidir, bu türkmen lukmançylygynyň öňe sürýän esasy usulyýet ýörelgesidir. Şu ýagdaýdan ugur almak bilen bu pudagyň işi san görkezijisine däl-de, hil derejesine esaslanýan ösüş ýoluna ugrukdyryldy we onuň aýry-aýry ugurlary ýa-da bölümleri däl-de, uzak möhletleýin maksatnamalar esasynda keselleriň öňüni alyş çärelerine esasy üns berildi.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň açylmagy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini taýýarlamagy ösdürmäge, ýokary taýýarlykly hünärmenleriň has kämilleşmegine täze itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistanda ýokary lukmançylyk bilimli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň täzelenmegi häzirki zaman bilim derejesine eýe bolan ýokary hünärli işgärleriň sanyny artdyrmaga, şol sanda oba ýerleriniň lukmançylyk düzümlerini ýokary taýýarlykly işgärler bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmäge mümkinçilik berdi.

Ýakyn geljekde ylmy-tehniki gazananlary we mümkinçilikleri ileri tutulýan maksatnamalary we ugurlary amala aşyrmak üçin saýlap almakda we ugrukdyrmakda lukmançylyk ylmyna esasy orun degişli bolar. Şonuň üçin hem, saglygy goraýyş edaralarynyň we lukmançylyk ylmynyň ulgamynda okuw-ylmy merkeziniň açylmagy kesellemegiň sebäplerini we ýagdaýlaryny yzygiderli öwrenmek işleriniň hil taýdan täze derejede dowam etmegini şertlendirer. Şol merkezde ýörite enjamlaryň kömegi bilen lukmanlar hem-de hünärmenler tejribe okuwlaryny geçerler we çylşyrymly anyklaýyş işlerini we degişli lukmançylyk çärelerini geçirmek boýunça öz hünär derejelerini ýokarlandyryp bilerler. Kliniki barlaghanalarda ýokanç keselleriň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze döreýän keselleriň dürli görnüşleri, olaryň lukmançylyk serişdeleri bilen öňüni almagyň ugurlary öwreniler, şeýle hem dürli geologiýa suwuklyklaryny, bedeniň öýjüklerini öwrenmek boýunça işler geçiriler.

Munuň özi, lukmançylyk ylmynyň täze ugurlary boýunça barlag işlerini, şunuň bilen birlikde ilatyň saglyk ýagdaýynyň toplumlaýyn häsiýetnamasyny öwrenmäge, saglyk üçin zyýanly ýagdaýlary aradan aýyrmak we peýdaly şertleri berkitmek maksady bilen, halk köpçüligine täsir etmegiň tehnologiýalaryny we täze usullaryny hem öz içine alýan öňüni alyş maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Milli saglygy goraýyşyň binýadyny giňeltmek meselesi saglygy goramak ilerine raýatlaryň özlerini, tutuş jemgyýeti çekmegi öz içine alýar. Häzirki wagtda diňe bir gujurly we maksada gönükdirilen işler ýeterlik däldir. Bir ugura utgaşdyrylan, alym-lukmanlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýlekileriň tagallalaryny birikdirýän çäreleri geçirmek zururdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagy ösdürmek maksady bilen öňe süren başlangyçlary we kabul eden kararlary hut şu ugura gönükdirilendir.

* * *

Hünärmenleriň aýdan ähli pikirlerini jemlemek bilen, häzirki wagtda döwletiň we hut hormatly Prezidentimiziň özüniň ileri tutulýan ugur hökmünde öňe sürülýänTürkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki wagtda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesindäki täze sepgitlere çykmaga ukyplydygyny bellemelidiris.

Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu bolsa hakyky watançynyň, öz lukmançylyk borjuna we halkyna tüýs ýürekden wepalylygyň, öňdengörüjilikli kararlary kabul etmekde parasatlylygyň we iş ýüzünde akyl-paýhaslylygyň, döredijilik tutanýerliligiň we sagdyn pikirlenmegiň, özgerişliklere ymtylmagyň hem-de Türkmenistanyň röwşen geljegine çäksiz ynamyň belent nusgasyny özünde jemleýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan belent işleriniň kanuna laýyk miweleridir.