Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly obasynda önümçilik kuwwatlylygy bir gije-gündüziň dowamynda 250 kubometr agyz suwuny öndürýän suw arassalaýjy desga işe beşlady. Bu möçberiň oba adamlarynyň agyz suwuna bolan ösen talabyny kanagatlandyrmaga doly mümkinçiligi bardyr.
Bu desganynyň gurluşygyny “Türkmenistanyň oba ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamany” amala aşyrmagyň çäklerinde “Emir ussa” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary amala aşyrdylar.
Häzirki hereket edýän Jebel-Oglanly gaz geçirijisiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak üçin onuň 18-nji kilometrlik böleginde turbalary çalyşmak işleri ýerine ýetirildi. Bu bolsa öz nobatynda obanyň “mawy ýangyç” bilen üpjünçiligini gowlandyrmaga şertleri döretdi. Häzirki wagtda “Bahry-Hazar” hojalyk jemgyýeti bu obada häzirki zaman çagalar bagyny gurýar, şeýle hem bu ýerde durmuş-medeni maksatly beýleki desgalary gurmak hem göz öňünde tutulýar.