Ýyladyş möwsümi dowam edýär. Bu günki gün paýtagtyň “Aşgabatýyladyş” edarasynyň ýyladyş hojalygy bug gazanlarynyň 156-na, şol sanda soňky iki ýylyň dowamynda şäherde peýda bolan täze modully bug gazanlarynyň 56-na eýedir. Şeýle hem bu edara merkezi ýyladyş nokatlarynyň üçüsini we ýyladyş ulgamynyň bir ýarym müň kilometre golaýynyň işini üpjün edýär.
Bu ýerde häzirki ýyladyş möwsümine oňat hilli taýýarlyk görüldi. Paýtagtyň “Aşgabatýyladyş” edarasynyň hünärmenleri şu ýyl şäheriň çäklerinde uzynlygy 92 kilometr bolan ýyladyş ulgamyny çalyşdylar. Bu bolsa 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende üç esse köpdür. Ýyladyş ulgamlaryny, turbalary, gazanlary çalyşmak işleri şäheriň birnäçe etraplarynda: 3, 4, 5, 6 kiçi etrapçalarynda, 1-nji çagalar hassahanasynyň bug gazanyny çalyşmak işleri bu edaranyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýyladyş ulgamlarynyň durkunu täzelemek boýunça ep-esli işler paýtagtyň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýyş massiwinde ýerine ýetirildi. Paýtagtyň mekdepleriniň ýedisinde ýyladyş ulgamlarynynda abatlaýyş işleri geçirildi.
Bug gazanlarynyň 38-nde täze gaz paýlaýjy şşitler oturdyldy we inženerçilik ulgamlary çekildi.
Bu birleşigiň hünärmenleriniň şu ýylda göz öňünde tutýan makstnamalary barada aýdylanda bolsa, onda Aşgabatda täze modully bug gazanlarynyň ýene-de 12-si gurular. Olar şäheriň birnäçe ýaşaýyş etraplarynda gurular.