Ï Milletiň saglygyny we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmegiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletiň saglygyny we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmegiň bähbidine

view-icon 538
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda Alimentarius Kodeksi Komissiýasy bilen halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Biziň ýurdumyzyň bu düzüme agza bolmagy Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak işinde, şeýle hem halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze möhüm ädim boldy.

Gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri bilen tanyşlyk duşuşyklaryny, usulyýet geňeşmelerini we okuw maslahatyny geçirmek üçin Alimentarius Kodeksi Komissiýasynyň bilermenleri – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Ýewropa sebitleýin býurosynyň wagtlaýyn geňeşçisi doktor Jeronimas Maskelýunas we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň azyk önümleriniň howpsuzlygy we alyjylary goramak boýunça hünärmeni doktor Eleonora Dýupui Aşgabada geldiler.

Mälim bolşy ýaly, Alimentarius Kodeksi – bu FAO/BSG-niň Azyk önümleri boýunça standartlary we kadalary baradaky halkara topary tarapyndan kabul edilen halkara azyk standartlarynyň düzgünleriniň toplumydyr. Ol azyk önümlerini sarp edijiler, öndürijiler we gaýtadan işleýjiler, azyk önümleriniň hiline we azyk önümleriniň halkara söwdasyna gözegçilik etmek baradaky milli edaralar üçin düýpli ugrukdyryjy bolup durýar. Onda azyk ulgamynda ylmy barlaglaryň iň soňky gazananlary göz öňünde tutuldy. Kodeks dünýä jemgyýetçiliginiň azyk önümleriniň hili, azyk howpsuzlygy we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň işi ýaly möhüm meseleler boýunça dünýä bileleşiginiň habarlylygyny ýokarlandyrýar.

Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 1963-nji ýylda döredilen Alimentarius Kodeksi Komissiýasy azyk önümleri üçin bitewi halkara standartlaryny işläp düzýär, şeýle hem sarp edijileriň saglygyny goramaga we azyk ulgamynda söwda kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge gönükdirilen kadalary we düzgünleri işläp taýýarlaýar. Komissiýa şeýle hem halkara döwlet we hususy guramalaryň azyk önümleriniň ähli görnüşleri üçin standartlary işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işini utgaşdyrmak bilen meşgullanýar.

Kodeksiň standartlary FAO we Bütindünýä söwda guramasy tarapyndan döredilen töwekgelçiliklere baha bemek baradaky garaşsyz halkara guramalary we ýöriteleşdirilen maslahat beriji merkezleriň goldaw bermeginde iň soňky ylmy barlaglaryň esasynda işlenip taýýarlanylýar. Kodeksiň agzasynyň derejesi bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurtlaryň bäsleşik babatda has durnukly bolmagyny üpjün edýär, azyk önümleriniň howpsuzlygyny we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge, şeýle hem bütin halkara bileleşigi bilen birlikde azyk önümleri üçin standartlary işläp taýýarlamaga we sazlaşdyrmaga gatnaşmaga we şol standartlaryň dünýä möçberinde ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ol şeýle hem agza ýurtlara azyk önümlerini gaýtadan işlemegiň arassa usullaryny kadalaşdyrýan düzgünleri we kadalary hem-de bu standartlary berjaý etmäge degişli maslahatlary işläp taýýarlamakda belli bir orny eýelemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Alimentarius Kodeksiniň 185-nji agzasy boldy. Ýurdumyzyň Alimentarius Kodeksine agzalygy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilendigi bilen şertlendirilendir, çünki azyk howpsuzlygy, şol sanda azyk önümleriniň howpsuzlygy meselelerini çözmek biziň döwletimiziň öz raýatlarynyň saglygyny goramak baradaky işiniň möhüm strategiki ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakyndaky” Kanuny bu wezipeleri çözmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Bu Kanun ilatyň saglygyny goramagyň bähbidine azyk önümleriniň ýokary hilli bolmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär, azyk önümleriniň dolanyşygy ulgamynda gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň ýagdaýlaryny, obasenagat toplumynyň hem-de halkara söwdasynyň kuwwatynyň artmagyny nazara almak bilen, bu resminamany kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek wezipesi Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk w ekeselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde ýerleşýän barlaghanalarynyň üstüne ýüklendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk üpjünçiligi, sagdyn iýmitlenmegiň rejeli kadalaryna laýyklykda, azyk önümleriniň elýeterli bolmagy, şeýle hem ilatyň peýdalanýan azyk önümleriniň ýokary hilli we howpsuz bolmagy meselelerine uly ähmiýet berýär.

Ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk önümleri, çig mal we ýokary hilli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek Türkmenistanyň azyk howpsuzlygynyň strategiki maksady bolup durýar. Şunda azyk garaşsyzlygy, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygy we azyk senagaty pudaklarynyň ägirt uly eksport kuwwatyndan doly peýdalanmak azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň hökmany berjaý edilmeli talabydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk bolçulygyny döretmegiň ylmy üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alymlary möhüm ekinleri – gowaça we galla ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehnikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bagçylygy, gök ekerançylygy, üzümçiligi we bakjaçylygy ösdürmegiň berk ylmy binýadyny döretmegiň, obasenagat toplumynyň, şol sanda maldarçylygyň netijeliligini, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň we önümçilige ornaşdyrmagyň üstünde işleýärler. Azyk önümlerini öndürmek, saklamak we ilata ýetirmek meselelerini çözmäge uly ähmiýet berilýär.

Biziň ýurdumyzyň häzirki zamanyň iň wajyp meseleleriniň birini – azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini çözmäge gönükdirilen oňyn daşary syýasat başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilendigini bellemelidiris.

Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşan möhüm meseleleriniň arasynda önümçilige we önümleri gaýtadan işlemäge innowasiýalary hem-de täze tehnologtýalary ornaşdyrmak, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullary, bioserişdeleri aýawly saklamak we tohumçylyk işi, işgärleri taýýarlamak we hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak, azyk önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýaly meseleler bar.

Türkmenistanyň Alimentarius Kodeksine agza bolmagy biziň ýurdumyzyň halkara söwda giňişligine işjeň çykmagy, şeýle hem türkmen döwletiniň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak meýli jähtinden hem uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy baradaky mesele hökümetiň 18-nji ýanwarda bolan mejlisinde gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu mesele boýunça ýörite Hökümet toparyny döretmegi we Bütindünýä söwda guramasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň onuň düzümine agza bolmagy hakynda degişli gepleşikleri geçirmäge başlamagy tabşyrdy. Şu gün bolsa döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda “Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparyny döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Bu toparyň üstüne Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşyklaryny we düzgünlerini öwrenmek, biziň ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagynyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna we ulgamlaryna ýetirjek täsirini seljermek, degişli teklipleri taýýarlamak, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasy we halkara düzümleri tarapyndan guralýan forumlara gatnaşmak meselelerini öwrenmek wezipeleri ýüklendi.

Azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň köp ugurlydygy nazara alnyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan okuw maslahatyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri çagyryldy. Oňa guramaçylar bilen birlikde, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky weterinariýa gullugynyň, Azyk senagaty assosiasiýasynyň, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň, Balyk hojalygy komitetiniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Alimentarius Kodeksi Komissiýasynyň düzümi we işi, onuň azyk önümleriniň halkara söwdasyndaky ähmiýeti we azyk bilen baglanyşykly kanunçylygy sazlaşdyrmaga çemeleşmeler, şeýle hem bu komissiýa bilen işlemek üçin zerur bolan resminamalar bilen tanyşdylar.

Ertir okuw maslahaty öz işini dowam eder.