Daşoguzda gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşygyň umumy tutýan meýdany üç gektardan ybaratdyr.
Häzirki wagtda bu merkeziň esasy iki gatly binasynyň gurluşygy monolit demirbetondan gurulýar. Ol Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Çehiýanyň meşhur kompaniýalarynyň öndürýän häzirki zaman lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün ediler. Baş binada operasiýa, prosedura, bir-näçe ýöriteleşdirilen otaglar, bellige alynýan, nobatçy we ýolbaşçylar jaýlary ýerleşer.
Stasionaryň bir gatly binasynda 30 orunlyk tiz kömek bermek üçin intensiw terapiýanyň otaglary, gözden geçiriş otagy, ordinatorlar otagy, barlaghana, beýleki kömekçi otaglar, aşhana, naharhana göz öňünde tutulandyr.
Taslama laýyklykda merkeziň tehniki böleginde awtoulaglaryň 30-syna niýetlenen tiz kömegiň we beýleki lukmançylyk ulaglary üçin üsti ýapyk ulag goýulýan ýer, ulaglara ýangyç guýulýan beket ýerleşer. Häzirki zaman inženerçilik-tehniki gurluşyklar we kommunikasiýalar içki jaýlaryň ählisiniň howasynyň ýyladylyp ýa-da sowadylyp durmagyny, howasynyň çalşylyp durulmagyny üpjün eder. Binanyň töweregindäki çäklerde oňaýly mikroklimatly seýilgäh gurular.
Bu desgany 2014-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bemek göz öňünde tutulýar.