Şu ýylyň birinji martynda Howa ýollarynyň baş agentligi Atatürk köçesiniň ugrunda ýerleşýän öňki “Merjen”söwda merkeziniň üç gatly binasyna göçüp barýar. Bu ýerde ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin zerur bolan şertler döredlendir, içerki ugurlar boýunça 17, halkara ugurlary boýunça 13 sany – jemi awiakassalaryň 30-ny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
“Türkmenhowaýollarynyň” awiapeteklrini satmak boýunça Howa aragatnaşyklarynyň merkeziniň täze binasy häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Eýýäm häzirki wagtda Howa aragatnaşyklarynyň Aşgabatdaky baş agentliginde, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda we beýleki edara jaýlarynda ýolagçylara ähli halkara ugurlary boýunça elektron biletleri satylýar. Howa gatnawlary üçin bu resminamanyň wirtual görnüşi ýerli howa ugurlary boýunça hem ornaşdyryldy. Hünärmenleriň pikirine görä, bu durmuşa ornaşdyrylýan täzelik belli bir derejede howa gatnawlary bilen meşgullanýanlaryň ählisiniň durmuşyny ýeňilleşdirdi. Ilkinji nobatda bolsa ýolagçylaryň özleri muňa ýokary baha berdiler. Sebäbi olar üçin petek ýatdan çykarylandyr ýa-da ýitendir diýip tolgunyp oturasy iş ýok. Diňe pasportyňy görkezmek ýetrlikdir – size kwitansiýanyň dublikary – nusgasy beriler.
Ýolagçylara “kagyssyz” hyzmat etmäge geçmek işleri SITA amerikan kompaniýasynyň “SITAE-tikiting” maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde amala aşyryldi. Hut munuň özi ýurduň uçarmanlaryna howa peteklariniň elektron görnüşini peýdalanmaga mümkinçilik berdi. “Türkmenhowaýollarynyň” awiakärhanalarynyň we agentlikleriniň işgärleri täze ulgamyň tehniki binýadyny ornaşdyrmak bilen bir wagtda SITA kompaniýasynyň Ýewropadaky okuw merkezlerinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Bu häzirki wagtda awia peteklerini bron etmek we göýbermek üçin elektron aragatnaşyk ulgamyna hyzmat edýär. Bu bolsa eýýäm şu ýyl toplanan tejribäni ulanmaga we Internet arkaly elektron peteklerini satyp başlamaga mümkinçilik berer. Howa ulaglary arkaly syýahat edýanlere öz öýlerinden çykman hem özleri üçin, hem öz garyndaşlarydyr dostlary üçin, hat-da olar başga ýurtda bolsalar-da, petekleri satyn alyp bilerler. Siz kwitansiýanyň elektron görnüşini alyp bilersiňiz hem-de ony garyndaşyňyza elektron poçta arkaly başga şähere ugradyp bilersiňiz. Awiýa peteklerini bron etmek we satyn alamk işleriniň ýeňilleşdirilmegi ony giň köpçülik üçin elýeterli bolmagyna getirýär.
Soňky ýyllarda ýurduň raýat howa ýollary ýokary depginler bilen ösýär. “Türkmenistanyň 2012-2030-njy ýyllar üçin raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” amala aşyrylmagy bu pudagy mundan beýläk döwrebaplaşdyrmaga şert döreder. Halkara aragatnaşyklaryny berkitmek we howa ugurlary ulgamyny giňeltmek bilen bir hatarda ol “Türkmenhowaýollary”Döwlet milli gullugynyň awiaparkyny täze häzirki zaman tehnikakar bilen yzygiderli üstüni ýetirmegi, täze ýolagçylar teminallaryny gurmagy, ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini we howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.