Ï “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary tamamlandy

view-icon 608
Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň zenany” ady bilen geçirilýän birinji bäsleşigiň welaýat tapgyrlary tamamlandy. Ýeňişe dalaş edýänleriň 42-si ýüze çykaryldy. Fewralda geçiriljek mejlisde bäsleşigiň guramaçylyk komiteti her bir ýedi nominaldan ýeňiji zenany kesgitlär. Türkmenistanyň paýtagtynda 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň öňisyrasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň jemleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler.

Bäsleşigiň nominantlarynyň durmuş taýdan işjeňligi olaryň ýylyň dowamynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanan ajaýyp netijeleri baha bermegiň ölçegi bolup durýar. “Ýylyň zenany” bäsleşigi “Ýokary hünär ukyplylygy üçin”, “Ökde hünärli zenan”, “Jemgyýetçilik işlerinde tapawutlanany üçin” “Çagalary terbiýelemekde gazanan üstünlikleri üçin” “Jemgyýetiň ösmegine goşan goşandy üçin” “Obanyň ösmegine goşan goşandy üçin”, “Telekeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” nominasiýalar boýunça geçirilýär.

Bäsleşigiň guramaçylyk komitetiniň düzümine ýerli zenanlar komitetleriniň wekilleri, kärhanalaryň we guramalaryň ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary girizildi. Bäsleşigiň birinji tapgyry etraplarda geçirildi. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň we guramalaryň ilkinji zenanlar guramasy öz wekillerini hödürlediler.

Bäsleşigiň şertleri boýuça bäsleşige gatnaşyjylar öz zähmet we durmuş ýollary, öz maşgalalary we çagalary barada aýdyp berdiler, özi barada üç minutlyk wideorolik taýýarladylar. Emin agzalarynyň aýdyşlary ýaly, saýlap almak örän kyn düşdi. Bäsleşige gatnaşýan zenanlaryň her biri “Ýylyň zenany” derejesine mynasyp. Şonuň üçin hem, bäsleşigiň emin agzalary gowulardan gowusyny saýlap, birinji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine ýadigärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Bäsleşigiň indiki tapgyry welaýat derejesinde we Aşgabat komitetleirinde geçirildi. Bu ýerde her bir nominasiýa bir dalaşgärden saýlanyldy.

“Ýylyň zenany” bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan zenanlaryň jemgyýetçilik derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň ruhy-ahlak taýdan ösmegine, döredijilik we hünär mümkinçiliklerine ýardam bermek, häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň tutýan möhüm ornuny wagyz etmek, maşgala gymmatlyklaryny berkitmek, şeýle hem biziň watandaş zenanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri barada giň dünýä jemgyýetçiligini habarly etmek maksady bilen yglan edildi.