Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi. Ol Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň diwanynyň işgärleri, MST-nyň ýanynda döredilen işçi toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny 2013-nji ýylyň 14-nji aprelinde ýagny, dynç güni geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, saýlaw möwsüminiň başlanandygy hakynda çözgüt kabul edildi.
Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmegi we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etjek çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we ony tassyklap, ses bermegiň wagtyny kesgitlediler. Uçastok saýlaw toparlary şol gün sagat 7-den 19-a çenli işlärler. Saýlaw uçastoklary barada aýdylanda bolsa, olaryň merkezleri we çäkleri 2012-nji ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde ozal döredilen uçastoklara gabat geler.
Mejlise gatnaşyjylar saýlawyň öňýanyndaky wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň tertibini hem kesgitlediler.
Öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary etraplarda, şäherçelerde, geňeşliklerde uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmany hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri we milli synçylar üçin ýatlamany tassyklady.
Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine dalaşgärleri hödürlemek boýunça zerur bolan resminamalaryň, saýlaw býulletenleriniň we beýlekileriň nusgalary hem tassyklanyldy.
Mejlisiň barşynda häzir welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler hakynda MST-nyň agzalarynyň habarlary diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylar möhüm wezipeleriň hatarynda saýlawlaryň açyklygynyň we giň bäsleşikliliginiň üpjün edilmegini, şeýle hem ilatyň arasynda degişli düşündiriş işleriniň geçirilmegini kesgitlediler.
MST-nyň mejlisinde bellenilişi ýaly, täze taryhy şertlerde Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryna halk häkimiýetiniň ýerlerdäki guramalarynyň wekilleri hökmünde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri we giň gerimli ösüş maksatnamalaryny, ilkinji nobatda, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň işjeňleri hökmünde garalýar.
Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsümi “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda guraldy. Şol Kanunda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, bu çäräniň esasy ugurlary beýan edildi. Şonuň bilen birlikde, bu çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik däpleri öz mynasyp dowamyna eýe boldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän täze taryhy döwrüniň özgertmeler syýasatynyň esasyny düzdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hakyky halk häkimýetlilik ýörelgelerini berkitmek, giň halk köpçüligini döwlet gurmak işine çekmek, raýatlaryň Watanyň ykbaly üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak we şunuň bilen baglylykda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar.
Merkezi saýlaw toparynyň agzalary milli Liderimiziň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda aýdan maslahatlary bilen baglylykda öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler. Şol özgertmeler eziz Watanymyz Türkmenistany has-da ösdürmäge gönükdirilen reformalary üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Mejlisiň barşynda berlen habarlary nazara almak hem-de saýlawlary geçirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur almak bilen, beýleki guramaçylyk meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.