Ï Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk

view-icon 427
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň dürli ugurlary girizildi.

Biziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy strategik ugurlary bilen tanşyp, EYR-nyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda bolup geçýän oňyn özgertmelere ýokary baha berdiler, şeýle hem sebitde we dünýäde parahatçylykly, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň üstünlikli syýasaty Eýran Yslam Respublikasynyň syýasy toparlarynda giňden ykrar edilip, uly abraýa eýe boldy. Oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda goňşy ýurtlar bilen giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.

Duşuşygyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan netijeli türkmen-eýran döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň beýleki birnäçe edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda, Döwlet migrasiýa gullugynda duşuşyklar meýilleşdirildi.