Ï TSTP-ň Lebap welaýat komiteti döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TSTP-ň Lebap welaýat komiteti döredildi

view-icon 782
Geçen hepdede bolup geçen günbatar sebiti boýunça 1-nji dörediji maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat partiýa komiteti döredildi.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy milli parlamentiň “Syýasy partiýalar hakynda” Kanunyny kabul etmegi netijesinde 2012-nji ýylda döredildi. Partiýany ösdürmek üçin guramaçylyk işleri dowam edýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda täze partiýa ýurduň paýtagtynda özüniň düzüm partiýa guramasyny döretdi. Indi şunuň ýaly komiteti Lebap welaýatynda döredip, ýurduň işewür adamlarynyň partiýasy golaý wagtda şunuň ýaly düzümleri Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem açmagy meýilleşdirýär.