Ï Güýzde ýaş çatynjalar toýlaryny täze „Bagt köşgünde“ geçirerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güýzde ýaş çatynjalar toýlaryny täze „Bagt köşgünde“ geçirerler

view-icon 619
Daşoguz şäheriniň günorta-demirgazyk tarapynda „Bagt köşgi“ gurulýar. Bu köşgüň gurluşygyny liwanyň „Goodness International Resourсes“ kompaniýasy alyp barýar.

Häzirki wagtda esasy binanyň üç gatynyň oňa degşip duran üç bölegi bilen boýy galdyryldy. Monolit demir-beton gurluşlaryny gurnama, daş örmek, içki jaýlaryny timarlama işleri, inženerçilik ulgamlaryny çekmek işleri alnyp barylýar. Bug gazanlarynyň, transformator podstansiýasynyň, uly göwrümli suw gaplarynyň gurluşyk işleri tamamlanyp batýar.


Boýy otuz alty metre ýetýän dört gatly binada hollar, nikalaşmak üçin zallar, „Altyn zal“ merkezi zaly, zergärçilik dükany, owadanlyk salony, toý bezegler dükanlary, surat salony, furşet, grim otagy, bufet, garderob we beýleki ykjam otaglar ýerleşer. Aýratyn bölekde bäş ýüz orunlyk-toý-dabaralar zaly ýerleşer. Binada bu ýere gelenleriň hereketini çaltlandyrmagy üçin binanyň ähli gatynda ýerleşýän tiz hereket edýän liftler üpjün eder.

Bu binanyň nämä niýetlenendigini binanyň merkezi bölegini bezeýän iki sany nika ýüzügi aýan eder. Binanyň öň tarapyny adaty türkmen halylarynyň gölleri bezär. Binanyň töweregi ajaýyp künjege öwrüler. Bu ýerde seýilgäh zolagy dörediler, açyk we ýapyk awtoulag duralgasy gurular. Ýaşlary bagt ýoluna atarýan bu „Bagt köşgüni“ şu ýylyň sentýabr aýynda dolylygyna ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.