Ï Adam hukuklary babatda degişli halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary babatda degişli halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň mejlisi

view-icon 421
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy, oňa ýurudumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek, şu ýyl üçin niýetlenen meýilnama bilen baglanyşykly meseleler goşuldy.

Hemişelik hereket edýän maslahat beriji pudagara Topar tarapyndan türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumynyň amala aşyrylandygy bellenildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup, esasy, şol sanda adam hukuklaryna degişli halkara konwensiýalaryny tassyklamak arkaly, şol wajyp ähmiýetli resminamalaryň kadalaryny berjaý etmek ugrunda iş ýüzünde anyk çäreleri görýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça toplumlaýyn hukuk özgertmesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler.

Mälim bolşy ýaly, şol özgertmäniň maksady häzirki tapgyrda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny göz öňünde tutmak arkaly kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden hem-de ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň monitoringini amala aşyrmagyň netijesinde degişli maslahatlary taýýarlamak Toparyň işiniň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biridir.

Toparyň şu ýyl üçin iş meýilnamasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen, netijeli çäreleriň görülmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem ýygnananlar adam hukuklarynyň goralmagyna degişli milli hasabatlary, synlary taýýarlamagyň we öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň meseleleri boýunça halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryň, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler. Şu ýylda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasaty wagyz etmek maksady bilen, Pudagara toparyň maglumat bermek bilen bagly işini kämilleşdirmek ýaly ugurlara üns beriljekdigi bellenildi.

Mejlisiň barşynda halkara ynsanperwer hukugyna degişli ählumumy kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Işçi toparynyň işi baradaky maglumat diňlenildi.

Ara alyp maslahatlaşmak üçin Toparyň agzalaryna 2012-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan hem-de çagalaryň hukuklaryny goramagyň görnüşleriniň we usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamany” amala aşyrmagyň barşy baradaky maglumat hödürlendi.

Pudagara toparynyň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.