Aşgabatda Halkara lukmançylyk merkezleriniň direksiýasynyň düzümine girýän Halkara lukmançylyk kardiologiýa merkeziniň täze binasy gurular, şeýle hem onuň häzirki binasynyň durky täzeleniler.
Merkeziň täze bäş gatly binasynda interwnsion kardiologiýa, dürli keselleri hirurgiýa bejergisi we ýürek şikesi, ýüregiň işemiýa keseli we arterial giporteniýa, anesteziologiýa we intensiw terapiýa bölümler, operasiýa edilýän otaglar we ýöriteleşdirilen otaglar ýerleşer. Täze binanyň stasionar bölümi 120 oruna niýetlenendir. Bu täze bina iň täze lukmançylyk enjamlary bilen gürrüňsiz üpjün ediler, häzirki işleýän bina hem ylmyň we tehnikanyň döwrebaplaşdyrylan enjamlary bilen ňpjün ediler.
Kardiologiýa halkara lukmançylyk merkezi 1998-nji ýylda açyldy. Bu soňky ýyllarda şäheriň günorta böleginde Köpetdagyň eteginde ýerleşýän lukmançylyk şäherçesiniň baýry edarasydyr. Şeýle hem bu Halkara lukmançylyk merkezleriniň bu şäherçesinde Iç keselleri Keselleri anyklaýyş, „Ene mähri“ enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, kelle we boýun kesellerini bejeriş merkezleri üstünlikli işleýär, stomatologiýa toplumy gurulýar.
Beýleki saglygy goraýyş edaralarynda bolşy ýaly, müdirligiň düzümine girýän bu merkeziň işinde hem türkmen we daşary ýurt hünärmenleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy saklamaga mümkinçiligiň bardygy uly ähmiýete eýedir. Belli nemes professorlarynyň yzygiderli saparlary, billeikde geçirilýän operasiýalar, gazanylan netijäni ara alyp maslahatlaşmaga bolan mümkinçilik, möhüm lukmançylyk meseleleri boýunça maslahatlaryň we okuwlaryň geçirilip durulmagy – bularyň ählisi ýurduň lukmanlarynyň ylmy dünýägaraýyşlaryny ep-esli giňeltmäge, olaryň hünär derejeleriniň kämilleşdirilmegine şertleri döredýär. Mundan hem başga, türkmen lukmanlary Germaniýanyň meşhur klinikalarynyň binýadynda kardiohirurgiýa we inwziw kardiologiýa, anesteziologiýa we intensiw terapiýa, urolagiýa, akuşerçilik we ginekologiýa, neonatologiýa, pediatriýa, stomatologiýa, otolarinologiýa, oftalmologiýa, neýrohirurgiýa boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.
Halkara lukmanüylyk merkeziniň kardiohirurgiýa bölüminde ýüregiň çylşyrymly opreasiýalary, dogabitdi poroklara radikal korreksiýasy, şol sanda 3 ýaşly çenli çagalarad hem, geçirilýär. Lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ösmegi, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleriniň ýokarlanmagy, lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi üçin mümkinçilikleriň giňemegi kardiologiki klinikanyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegini talap etdi.