Maryda häzirki zaman Bagt köşgi toplumy gurulýar. Bu bina eýýäm özüniň taslama gurluş görnüşine eýe boldy, onuň daşky diwarlaryny mramor bilen bezemek işleri alnyp barylýar. Binanyň merkezi öň tarapynyň diwarlary aýna bilen örtülýär, binanyň perimetri boýunça witražlar gurnalýar.
Binanyň gatlarynyň üçüsinde hem diwarlary potoloklary timamrlamaga girişildi. Özbaşdak işleýän bug gazanynda ýylylyk beriji enjamlar gurnalýar, gorujylary oturtmak, turbalary saramak işleri alnyp barylýar. Binanyň iki gektar meýdany eýeleýän çäklerinde abadanlaşdyryş işleri geçirilýär, seýilgähiň ýerleri bellenilýär, ýanýodalary çekilýär, merkezi öň tarapynda suw çüwdürimi gurulýar.
Bagt köşgüniň gurluşygyny türkiýäniň „Sedaş“ firmasy alyp barýar. Baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, bu binany 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bagt köşgüniň umumy tutýan meýdany 3600 inedördül metrdir, onuň beýikligi 25 metr töweregidir.