Ï Çagalar bagy gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar bagy gurulýar

view-icon 754
Baharlyda 160 ounlyk täze çagalar bagy gurulýar. Bu eýýäm soňky ýyllarda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň çäklerinde gurulýan dördünji çagalar bagydyr. Bu desgalaryň gurluşygy we durkuny täzelemek işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň „2020-nji ýyla çenli obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş öertlerini özgertmek boýunça“ Milli maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.


„Ahaltaslama“ institutynyň hünärmenleri tarapyndan taslamasy düzülen bu mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň gurluşygyny „Ak diýar“ hususy kärhana layp barýar. Ahal welaýat Düýpli gurluşyk müdirligi beu desganyň esasy buýurjysy bolup çykyş edýär.

Täze çagalar bagynda ýagty we giň ýatylýan otaglar, geýim çalşyrylýan oňaýly otaglar, oňaýly oýun we okuw otaglary, kiçi naharhana, kompýuter otaglary, zähmet okuwy üçin otaglar, aýdym-saz zallary ýerleşer. Şeýle hem bu çagalar bagynyň howlusynda bakja we mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin bedenterbiýe meýdançasyny, sport oýunlaryny geçirmek üçin zolaklar, açyk telärler gurmak göz öňünde tutulandyr.