Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli senenamanyň şanly seneleriniň birine – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde dürli çäreler geçirildi. Her ýylda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna uly dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar, bular halkymyzyň ruhy jebisligini, agzybirligini we ruhubelentligini alamatlandyrýar.
Täze taryhy eýýamda -- Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mukaddes ýaşyl Tugumyz ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijilligiň we ösüşiň ýolunda gazanýan uly üstünlikleriniň ajaýyp nyşany bolmak bilen, türkmenistanlylary has belent sepgitlere ýetmäge we zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde dikilen belent Döwlet baýdagy türkmen halkynyň jebisligini, agzybirligini, milletiň şöhratly ata-babalarymyzyň pähim-paýhasly ýörelgelerine ygrarlylygyny, röwşen geljege tarap okgunly gadam urýandygyny alamatlandyrýar. Döwlet baýdagy türkmen topragynyň parahat asmanynda erkin pasyrdap, dünýädäki ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürýän ýurdumyzda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri fewralyň birinji ongünlüginde başlandy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat” atly kitaby esasynda talyplar bilen “Geçmişe syýahat, geljege ruhy ganat“ diýen dabaraly duşuşyk geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýazyjylar, şahyrlar we žurnalistler bilen “Bagtyýarlyk döwrüniň ylham joşguny” atly döredijilik duşuşygy guraldy.
Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler ministrlikleri, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýan dabaraly çäreler paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky ýokary okuw mekdeplerde, muzeýlerde we medeniýet merkezlerinde geçiriler.
Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we türkmen halkynyň täze taryhy, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda gazanylan uly üstünlikler bilen bagly mesele Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda geçirilen maslahatlarda, şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we Türkmenistanyň Magtymguly aldyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň mejlisler jaýynda geçirilen dabaralarda edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – döwletliligiň, bagtyýarlygyň ebediklik nyşany” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar
Şu gün – 12-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli “Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli Lideridir” atly dabaraly maslahat geçirildi. Ýygnananlar öz çykyşlarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňdengörüjilikli we täze strategiýasy barada aýdyp, onuň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ähli şäherlerini we obalaryny uly özgertmeleriň gurşap alandygyny, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanýandygyny, Garaşsyz, Bitarap ata Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha beýgelýänditgini, Türkmenistanyň dünýädäki ähli döwletler bilen giň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini bellediler.
Ertir – 13-nji fewralda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän çäreler Türkmenistanyň Döwdet lukmançylyk uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş hünärmenler ylmy täze belentliklere çykarmagyň ýolunda” atly ylmy-amaly maslahatyň guralmagy bilen dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň muzeýlerinde ýetip gelýän baýramçylyga bagyşlanyp “Berkararlyga beslenen Watanymda, ýaşyl tugum, al- asmanda pasyrda!” atly sergiler açyldy. Sergilerde görkezilýän sungat eserleri, halyçylyga we amaly-haşam sungatyna degişli önümler görkezilýär, türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza, milli Liderimize buýsanç duýgusy, ildeşlerimiziň Döwlet baýdagyna mukaddeslik, durnuklylygyň, parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň nyşany hökmünde garaýandygy şol eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ertir paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açyljak şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi hem hut şu ugra degişlidir.
13-nji fewralda baýramçylyk çäreleri “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz” atly watançylyk hereketiniň 2012-nji ýyl boýunça ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasynyň guralmagy bilen dowam etdiriler, bu hereketiň möhüm ähmiýetli wezipeleriniň biri türkmenistanly ýaşlarda döredijiligiň täze belentliklerine ýetilmegini we döredijilikli kämilleşdirmäge çalşylmagyny terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan geçirilýän bu dabara kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän öňdebaryjylar gatnaşarlar.
Ýetip gelýän baýramçylyga bagyşlanyp ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlary görkeziler, estrada aýdym-sazlarynyň agşamlary we ýaş zehinleriň – Aşgabatdaky sungat mekdeplerinde tälim alýanlaryň konsertleri guralar. Şonda giň köpçülik aýdym-sazlary diňläp, tanslara tomaşa eder. Şu günler “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Şeýle hem Türkmen halysynyň milli muzeýinde we “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde baýramçylyk çäreleri guralar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada-simfoniki orkesitriniň ertir geçiriljek “Bagtyýar parlaýar ýaşyl baýdagym” atly baýramçylyk konsertine çagyrýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bilelikdäki uly konserti mukaddes ýaşyl tugumyza bagyşlanýar, däp bolşy ýaly, bu konsert Halkara türkmen-türk uniwersitetinde geçirilýär. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergiler jaýy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi tarapyndan “Arkadagly berkarar ýurdum, buýsançly parla, ýaşyl baýdagym” diýen at bilen fotosuratçylaryň arasynda her ýylda guralýan döredijilik bäsleşiginiň netijesiniň jemlenýän ýerine öwrüler.
Ählihalk milli baýramçylyklar mynasybetli sport çärelerini geçirmek oňat däbe öwrüldi. Şu günler Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp sportuň woleýbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty, sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi, hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryş guralýar, şu gün bolsa sport muşdaklary basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ilkinji oýunlara tomaşa ederler. Sportuň futzal görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionatynda we dzýu-do boýunça çempionatda bäsleşiklere gatnaşyjylar tomaşaçylar öz ussatlygyny görkezer.
Däp bolşy ýaly, şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dürli maksatly we ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän köp sanly binalar we desgalar ulanmaga berilýär. Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň ulag düzümine degişli desgalaryň toplumynyň – Türkmenabat – Farap aralygynda Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa menziliniň toplumynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralar bolar. Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde hem-de Atamyrat etrabynda Atamyrat-Kerkiçi aralygyndaky awtomobil köprüleriniň, Garlyk şäherçesinde sement zawodynyň, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň däne saklamak üçin niýetlenen elewatorly galla önümleri kärhanalarynyň, ýurdumyzyň günbatar welaýatyndaky Balkanabatda we Magtymguly etrabynda bilim edaralarynyň we Mary şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary şanly senä bagyşlanan çäreleriň hatarynda wajyp ähmiýetli wakalara öwrüler.
Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan esasy baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kitaphana we muzeý işgärleriniň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde bilim işgärleriniň maslahatlary geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň deputatlarynyň we ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Hormatly Prezidentimiziň ösüş syýasaty we döwlet berkararlygynyň syýasy-hukuk esaslary” atly maslahat geçiriler.
19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti bolar, şonda Aşgabadyň we welaýatlaryň tanymal ýerine ýetirijileri we döredijilik toparlary tomaşaçylaryň öňünde çykyş ederler. Garaşsyzlyk şaýoly baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüler, şonda köpçülikleýin gezelenç hem-de aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin konsert guralar. Milli mukaddesligiň – ýurdumyzyň Tugunyň wasp edilmegine bagyşlanan baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Baş baýdagynyň öňündäki meýdançanyň ýokarsyny dürli yşyklar bilen ýagtylandyrjak baýramçylyk feýerwerki bilen jemlener.
Türkmenistanyň Baş baýdagynyň öňündäki meýdançada, şeýle hem Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda tanymal artistleriň gatnaşmagynda konsertler guralar.
Geçiriljek baýramçylyk çäreleri halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belentliklere tarap ynamly alyp barýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän açyk, parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny hem-de durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny ýene-de bir gezek alamatlandyrar.