Balkan welaýatynda nebitgaz ulgamy bilen bir hatarda şähergurluşyk senagaty, agrosenagat toplumy we gaýtadan işleýän senagat pudagy güýçli depginlerde ösdürilýär.
Diňe geçen ýylyň dowamynda ýurduň günbatar sebitiniň obalarynda we şäherlerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Olaryň köpüsi bolsa häzirki zaman mekdebe çenli ýaşly çagalar edarlary we mekdep binalarydyr, medenterbiýe-sagaldyş toplumlarydyr. Häzirki wagtda Balkanabat şäherinde „Bagt köşgüniň“ gurluşygy alnyp barylýar, beýleki iri taslamalar hem amala aşyrylýar.
Döwlet Baýdagynyň gününe Magtymguly etrabynyň Ýankel obasynda 240 orunlyk orta mekdebiň täze binasynyň, balkanabatda 160 orunlyk çagalar bagynyň binasy dabaraly ýagdaýda açylar.
Bu maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde sebitde nebitgaz, himiýa ulgamlarynda senagat önümçiligi ösdürilýär, gaýtadan işleýän senagatyň, oba hojalyk pudagynyň, umumy agrosenagat toplumynyň häzirki zaman gurluşlary döredilýär. Döwlet baştutanynyň ýörite Kararyna laýyklykda Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň nusgawy Arkaç obasynyň Baş meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we amala aşyrylýar. Bu sebit bütin Balkan welaýatynyň galla mekany hasap edilýär. Bu ýerde azyklyk bugdaýyň öndürilişi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Bu etrapda ýylda 50 müň tanna un öndürýän, şol bir wagtyň özünde hem 50 müň tonna däne saklamak üçin elewatorly häzirki zaman kärhanasyny açmaga taýýarlyk görülýär. Şunuň ýaly kärhana soňky ýyllaryň dowamynda Balkanabat şäherinde eýýäm işläp gelýär.
Ýurduň günbatar sebitiniň şäherleriniň we obalarynyň durky täzelenilýär, bu sebitiň durmuş infrastrukturasy dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. „Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasynyň“ durmuşa geçirilmegi iş ýüzünde bu welaýatyň Esenguly etrabyndan başlandy. Onuň yz ýany bilen beýleki etraplaryň – Serdar, Bereket we Türkmenbaşy etraplarynyň merkezleriniň durky täzelenildi.
Sebitde häzirki zaman adminstratiw-medeni merkezler, oňaýly amatlyklary bolan ýaşaýyş massiwleri, çagalar baglary we mekdepler, sport toplumlary, Balkan welaýatyny ösdürmek boýunça, onuň ýaşaýjylarynyň ýokary durmuş derejelerini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň nusgasy bolan durmuş ähmiýetli beýleki desgalar yzly-yzyna peýda bolýar. „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny“ amala aşyrmagyň çäklerinde Balkan welaýatynda durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 80-drn gowragyny ulanmaga bermek, häzirki hereket edýän senagat kärhanalarynyň 10-nyň döwrebaplaşdyrmak we gaýtadan enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu durmuşa geçiriljek ykdysady çäreler ýene-de 7192 iş orunlaryny döretmäge şertleri döreder.