Paýtagtymyzyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň "Türkmenistanyň durmuş - ykdysady ösüşine biziň goşandymyz" atly watançylyk hereketiniň ýeňijilerine baýraklary we sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Döwlet möçberinde geçirilýän bu dabara däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýär. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň gurnan bu dabarasyna kärdeşler arkalaşyklaryň ışewürlerı, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny özünde jemleýän önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň , ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle-de köpçülikleňin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň "Türkmenistanyň durmuş- ykdysady ösüşine biziň goşandymyz" atly watançylyk hereketiniň orny we ähmiýeti uludyr. Watançylyk hereketi jemgyýetde bitewiligi, jebisligi we agzybirligi berkitmäge gönükdirilendir.Bu hereketiň esasy wezipeleri işgärler üçin zerur bolan howpsuz, sagdyn zähmet we önümçilik- durmuş şertleriniň döredilmegine işjeň täsir etmekden, ýurdumyzyň watançylyk hereketiniň ýeňijileriniň mysalynda ata-babalarymyzyň däbine laýyklykda zähmetkeşleri Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ýaşlarymyzyň halal zähmet çekmeği üçin terbiýeçilik işine giň gerim bermekden ybaratdyr.
Bu baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi ýurdumyz boýunça zähmet köpçüliginiň 15-sine pul baýragy bilen birlikde kärdeşler arkalaşyklarynyň «Halal zähmete sarpa» atly göçme hormat nyşanyny we onuň şahadatnamasyny, önümçiligiň öňdebaryjylarynyň 17-sine we kärdeşler arkalaşyklaryň ışewürlerıniň hem 17 sine sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň "Arkalaşyk" nyşany we hormat hatlary bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň işewürleriniň birnäçesi sylaglandy.
Ýurdumyz boýunça zähmet köpçüliginiň tapawutlananlary- „Lebapenergo“, Baýramalynyň dokma toplumy, „Balkanawtoulag“ önümçilik birleşikleri we „Daşoguznebitgazgurluşyk“ tresti. Ýurdumyz boýunça „Aşgabatenergostoý“ gurluşyk müdirliginiň ekskowatorçysy Muhammetberdi Geldiuzynow, Ahal welaýatynyň „Obahyzmat“ birleşiginiň esasy hünärmeni Öwez Pirnepesow, „Daşoguzobagurluşyk“ önümçilik bireşiginiň baş hünärmeni Gurbanmyrat Gylyjow dagylar önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hatarynda boldular.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz” atly watançylyk hereketiniň her ýyldaky jemleri jemlenende Ğaraşsyz, Bitarap Türkmenistanda Hormatly prezidentimiziň başda durmagynda kabul edilen «Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin kabul eden milli maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşan ildeşlerimizi maddy we ruhy taýdan höweslendirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän zähmetkeşleriň döwrüň talabyna laýyk dynç alşyny gurnamak, olar üçin ýokary derejeli iş we dynç alyş şertlerini döretmek, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, önümçiligiň öňdebaryjylaryny we hünär ussatlaryny maddy hem-de ruhy taýdan goldap we höweslendirip durmak ýaly tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bar.Ýakyn günlerde «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz» atly watançylyk hereketiniň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabaralarynyň dowamy ýurdumuzuň ähli welaýatlaryndahem gecirilýär. Bu baýraklary gowşurmak Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli guramalarynyň ýolbaşçylaryna uly hormat bilen ynanyldy. 2012-nji ýylyň jemleri boýunça tutuş ýurdumyzdan 56 sany zähmet köpçüliginiň 56-sy kärdeşler arkalaşyklaryň ışewürlerıniň 54-si sanysy we ýene-de olaryň şoncasy önümçiligiň öňdebaryjylarynyň baýraklaryna mynasyp boldular.