Ï Ata Watanymyzda täze desgalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzda täze desgalar ulanmaga berilýär

view-icon 661
Şu gün Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde 160 orunlyk häzirki zaman çagalar bagy körpeler üçin gapysyny myhmansöýerlik bilen açdy. Ählihalk barýamçylygynyň--Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda nobatdaky durmuş maksatly desganyň ulanmaga berilmegi guwançlydyr.

Ir säherden täze mekdebi çenli çagalar edarasynyň binasynyň öňündäki dürli reňkli toý baglary hem-de şarlar bilen baýramçylyk ýagdaýynda bezelen meýdançada ruhubelentlik, şatlyk ýagdaýy höküm sürýär. Aýdym-saz ýaňlanýar, hoş owazly aýdymlar, goşgular, tanslar bilen çagalar bagynla terbiýelenýän körpeler jaý toýuny tutýanlary gutlamak üçin gelen myhmanlary garşylaýarlar. Şanly waka mynasybetli wu ýere şäheriň we welaýatyň dolandyryş edarasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly şäher ýaşaýjylary ýygnandylar. Dabarada Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Balkanabadyň durmuş edaralarynyň ulgamyna goşulan çagalar şäherçesi ýokary ülňülere doly derejede laýyk gelýär, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, onuň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertleri döretmek milli Liderimiz tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesigitlenildi.

Bu ýerde her bir ýaş topary üçin göwnejaý enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan we sport zallary, has oňaýly ýatylýan otaglar bar. Synp otaglarynda çagalary terbiýelemek, olary mekdebe taýýarlamak, daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny, aýdym-saz, surat çekmegi öwretmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Çagalar bagynda giň mejlisler zaly, naharhana, kömekçi jaýlar bar, iki gatly binanyň durmuş üpjünçiliginiň zerur ulgamlary işleýär. Abadanlaşdyrylan howluda dynç alynýan ýerler, hiňňillikler, sypançaklar we sport hem-de oýun oýnalýan meýdançalar hem ýerleşýär.

Dabaranyň barşynda işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.