Ï Watanymyzda baýramçylygyň öň ýanyndaky açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzda baýramçylygyň öň ýanyndaky açylyş dabaralary

view-icon 552
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Sarp obasynda göwrümi bir wagtda 50 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorly we her ýylda kuwwaty 50 müň tonna un öndürmäge barabar bolan galla önümleri kärhanasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde üstünlikli amala aşyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, azyklyk bugdaýyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak we netijede, sebitlerde häzirki zaman obasenagat düzümlerini döretmek döwletiň oba hojalyk syýasatynyň möhüm ugrudyr. Balkan welaýatynda galla öndürmek boýunça uly şöhrata eýe bolan Serdar etrabynda täze elewatoryň gurulmagy hem şu wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň buýurmasy boýunça bina edilip, dürli maksatly desgalar toplumyny öz içine alýar. Onuň düzüminde däne saklanylýan ammar, bugdaýy guratmak üçin meýdançalar we dänäni wagtlaýyn saklamak üçin telärler, edara binasy, barlaghanalar we beýleki jaýlar girýär. Elewatora gelýän bugdaý barlaghana gözegçiliginden geçirilip arassalanylandan we guradylandan soňra zerur bolan howa bilen we hemişe howany çalşyp durmak üçin ýörite enjam bilen üpjün edilen dikligine goýlan ammarlara gapgarylar. Agramyny çekmek, hilini barlamakdan başlap, dänäni üwemäge çenli ähli işler awtomat usulynda ýerine ýetiriler.

Şunuň ýaly häzirki zaman desgasynyň welaýatyň esasy galla ekilýän ekerançylyk meýdanlarynyň, şol sanda Bereket etrabynyň golaýynda ýerleşmegi ýurdumyzyň günbatarynda ýetişdirilen bugdaý hasylynyň saklanyş derejesini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Balkan welaýatynyň we Serdar etrabynyň ýolbaşçylarynyň, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň ýerlerdäki düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we golaýda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu desganyň kärhananyň açylyş dabarasy ajaýyp öwüşginli baýramçylyga öwrüldi. Bu ýere ýygnananlar şu günki şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň edermen babadaýhanlaryna, oba hojalyk işgärlerine we ähli ilatyna iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek Türkmen döwletiniň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi bu pudakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Olar bolsa dünýä ylmynyň gazananlaryna we türkmen halkynyň köpasyrlyk ekerançylyk däp-dessurlaryna esaslanýar. Obasenagat toplumyna hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak üçin şert döredýär.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milletiň Liderine oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga, tehnika we tehnologiýa taýdan düýpli özgertmäge berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň örän möhüm pudagy bolan we ägirt uly kuwwata eýe bolan obasenagat toplumynyň ähli ugurlaryny iri möçberli oňyn özgertmeleriň gurşap almagy netijesinde, bu ulgam hil taýdan täze derejä çykarylýar. Desgalary ulanmaga bermek dabarasynda iň gowy gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik toparlary, aýdymçylar we sazandalar öz ussatlyklaryny görkezdiler.

*** Magtymguly etrabynyň Ýankel obasynda 240 okuwça niýetlenen täze umumybilim berýän mekdebiň hem açylyş dabarasy boldy. Bu häzirki zaman okuw mekdebi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edildi.

Bu häzirki zaman mekdebiň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çagalar we ýaşlar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýankel obasynyň hakyky bezegine öwrülen bu mekdep binasy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatyryň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen ýurdumyzda şunuň ýaly desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde okuwçylaryň aň-düşünje we döredijilik taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Giň we ýagty synp otaglary, informatika, lingafon we beýleki ýöriteleşdirilen otaglar okatmagyň halkara standartlarynyň derejesinde alnyp barylmagy üçin mümkinçilik berýän iň täze kompýuter we okuw-barlaghana enjamlary, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilipdir.

Şeýle hem mekdepde oglanlaryň zähmet başarnyklaryny ösdürmek üçin zerur bolan dürli gurallar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen ussahanalar, gyzlaryň zähmet hünärlerini ele almaklary üçin bolsa tikinçilik enjamlary göz öňünde tutulypdyr. Mekdebiň uly sport zaly türgenleşik we sport enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin ýörite meýdançalar gurnalypdyr.

Soňky bäş ýylyň içinde Balkan welaýatynda häzirki zaman mekdepleriň we çagalar baglarynyň 25-e golaýynyň gurlandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp çagalar sagaldyş merkezleri peýda boldy, ähli şäherlerde we etraplarda häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary we beýleki sport desgalary ulanmaga berildi.

Şonuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen halkynyň abadançylygy üçin amala aşyrýan tagallalary we döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe tarap okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýat boljak ynsanperwerligi we işgärler düzümini ösdürmäge gönükdirilen milli bilim ulgamyny amala aşyrmakda döredýän oňyn şertleri üçin aýratyn hoşallyklaryny beýan etdier. Bu bolsa biziň milletimiziň öňünde üçünji müňýyllykda durýan ägirt uly wezipeleri amala aşyrmak nukdaý nazaryndan örän uly ähmiýete eýedir.

*** Görogly etrabynda “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň täze galla önümleri kärhanasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Bugdaýy gaýtadan işlemek we saklamak boýunça tutuş toplumdan ybarat bolan täze desgany türkmen hünärmenleriniň işjeň gatnaşmagynda daşary ýurt kompaniýasynyň işgärleri bina etdiler. Iri täze kärhana bir wagtyň özünde 50 müň tonna däne saklamaga we her ýylda ýokary we birinji hilli unuň 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Onuň umumy meýdany üç gektardan hem geçýär. Düzümine dürli görnüşli desgalaryň birnäçesi girýän bu toplumyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de ähli önümçilik işleriniň häzirki zaman tehnologik işläp taýýarlamalar esasynda alyp barmaga şert döredilendigidir. Munuň özi bu ýerde ýokary dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Täze kärhanada dänäni arassalamak we un öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylandyr. Toplum özbaşdak ýyladyş, energiýa üpjünçiligi ulgamlary bilen üpjün edilendir. Onda şeýle hem dänäni saklamak, kabul etmek we taýýar önümleri ýüklemek awtomobil we demir ýol ulagy bilen hem amala aşyryp bolar. Iki gatly edara binasynda we kärhananyň önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler, şol sanda giň naharhana , suwa düşülýän otaglar, durmuş hyzmaty otaglary göz öňünde tutulandyr. Täze desga Köneürgenç şäherinde eýýäm gurlup ulanmaga berlen şunuň ýaly toplum we Ruhubelent etrabynda bir wagtda 50 müň tonna däne saklamagy niýetlenen elewator bilen bir hatarda, bu sebitde öndürilýän bugdaýy gaýtadan işlemäge we welaýatyň hem-de tutuş ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli un bilen üpjün etmäge uly goşant goşar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda obasenanat toplumynyň düzümleriniň şeýle işjeň ýagdaýda ösdürilmegi, diňe bir öndürilen dänäniň ygtybarly saklanylmagyny we ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini üpjün etmän, eýsem, ýurdumyzyň gallaçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de döwletimiziň çalt depginler bilen ösýän ähli künjeklerinde täze iş ýerlerini döretmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň bu şanly waka mynasybetli iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milletiň Lideri önümçilik maksatly häzirki zaman desgalarynyň ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň, innowasiýalaryň ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýetine iri maýa goýumlarynyň hasabyna önümçilige giňden ornaşdyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtaýar.

Welaýatyň ýaşaýjylary üçin Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli işleriniň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrülen bu täze desganyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, oba hojalyk pudagynyň, welaýat we ertap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, çeper höwesjeňler toparlary gatnaşdylar. Myhmanlar üçin bu ýerde türkmen ak öýleri dikildi, sergiler guraldy, welaýatyň türgenleri sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şu günki dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ilatynyň durmuş ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen ähli durmuş ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly oňyn özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

*** Umumymilli baýramçylygyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Mary şäherinde üç sany dört gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada ir bilen aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, gurluşykçylar we täze öýlere göçüp barjak adamlar gatnaşdylar. Welaýat medeniýet müdirliginiň dürli aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bu şanly waka aýratyn öwüşgin çaýdy.

72 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň “Bally” hususy kärhanasynyň taslamasy boýunça “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň gurluşukçylary tarapyndan amala aşyryldy. Bu kärhana Mary welaýatynda täze binalaryň ençemesini gurdy. Täze ýaşaýyş jaý toplumy Mary şäheriniň geljegi uly bolan demirgazyk bölegindäki Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerde eýýäm häzirki zaman sport desgalary bar, durmuş we medeni maksatly desgalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde şeýle hem tiz wagtdan häzirki zaman işewürlik merkezini bina etmek meýilleşdirilýär.

Taslamaçylar her biri 24 öýli üç sany ýaşaýyş binasyny П harpy görnüşinde ýerleşdiripdirler. Ol 72 maşgala üçin niýetlenen abadanlaşdyrylan giň meýdany öz içine alýan uly howludan ybaratdyr. Onda çagalara woleýbol, basketbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis oýnamak üçin meýdançalar, däp-dessurlary ýerine ýetirmek we dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdança, awtoulag duralgasy, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi ulgamy bar.

Ýaşaýyş jaýlaryndaky iki, üç we dört otagly öýler iň ýokary talaplara laýyk gelýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň amatly ýerleşdirilmegi, giň aşhanalar, häzirki zaman mebelleri we durmuş tehnikasy, ýaşaýjylaryň rahat durmuşyny üpjün etmäge ýardam eder. Jaýlar sowadyş we ýyladyş, suw üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi Gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk materiallary ulanylyp bina edilen jaýlaryň töwereginde kömekçi hojalyklaryny döretmek üçin hem şertler döredilendir.

Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylar ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Darara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň abadan durmuşy üçin amala aşyrýan işlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderini ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çykyş edenler geçen ýyl GDA-nyň medeni paýtagty diýen belent ada mynasyp bolan Mary şäheriniň çalt depginler bilen özgerip, öz binagärlik keşbini täzelemek bilen giň köçeleri hem-de şaýollary boýy kölegeli seýilgähleri bilen abadanlaşdyrylan owadan şähere öwrülýändigini bellediler. Soňky ýyllarda iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezi, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ajaýyp binasy, welaýat kitaphanasynyň binalar toplumy, Döwlet energetiki institutynyň häzirki zaman şäherçesi, “Güneş” etrapçasynda sport mekdebi we 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionynyň ägirt uly toplumy ulanmaga berildi.

Ýakyn wagtlarda täze taslaalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde şäherde “Bagt köşgi” we 350 orunlyk alty gatly kaşaň myhmanhana, şäheriň günbatar tarapynda Gündogar bazary, gündogar böleginde bolsa 365 orunlyk sport mekdebi ulanmaga berler. Şular bilen bilelikde şäheriň köçeleriniň durkuny täzelemek, olary abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak işleri amala aşyrylýar.

Bularyň ählisi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň" durmuşa geçirilmeginiň ajaýyp miweleridir.