Ï Serhetçiler üçin täze “Watançy” serhet galasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serhetçiler üçin täze “Watançy” serhet galasy

view-icon 1132
Şu gün Tagtabazar etrabynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň “Watançy” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň milli senenamasynda möhüm orny eýeleýän mukaddes baýdak baýramçylygynyň öňüsyrasynda gurlup ulanmaga berlen döwrebap binalar toplumy serhetçiler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilen täze desgalar toplumy milli Liderimiziň ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we mähriban topgarymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadançylygynyň goragynda durýan serhetçiler üçin amatly ýaşaýyş hem-de gulluk şertleriniň döredilmegine ägirt uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Aýdym-saz topalarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olar özleriniň ruhubelent çykyşlary bilen mähriban Watanymyza bolan söýgini, türkmen halkyna Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni eçilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny belýan etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar serhet galasynyň täze binalary bilen tanyşdylar. Bu ýerde göwnejaý gulluk etmek, söweş taýýarlygyny, türgenleşikleri geçmek, serhetçiler we olaryň maşgala agzalary üçin doly derejeli şertleri döretmek boýunça ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Serhet galasynyň çäginde gulluk jaýlaryndan başga-da durmuş we beýleki maksatly binalar toplumy göwnejaý ýerleşdirilipdir. Serhetçiler we olaryň maşgala agzalary üçin gurlup, ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar döredilipdir. Jaýlaryň otaglary döwrebap mebeller we durmuş tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Binanyň göwnejaý abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerinde çagalar üçin oýun meýdançasy gurlupdyr.

Şeýle hem toplumyň kitaphanasy, jemgyýetçilik – syýasy otagy, döwrebap naharhana, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin enjamlaşdyrylan ýapyk we açyk sport meýdançalary, lukmançylyk otagy serhetçileriň hyzmatynda.

Mundan başga-da serhet galasynyň çäklerinde serhetçileriň atlary we serhetçi itler üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap desgalar bina edilipdir. Olarda atlaryň hem-de serhetçi itleriň göwnejaý ideg edilmegi babatda ýokary derejeli şertler döredilipdir.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gürbanguly Berdimuhamedowa özleri üçin edýän atalyk aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak ýaly mukaddes borçlaryna wepaly bolup, yhlasly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Täze binalar toplumynyň açylyşy mynasybetli guralan dabara has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşurmak çäresi bilen dowam etdi. Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň adyndan täze jaýa göçüp gelen serhetçileriň maşgalalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar türkmen serhetçileriniň mundan beýläk-de özleriniň harby we raýatlyk borçlaryna wepaly bolup halkymyza, mähriban Watanymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.