Ï Baýramçylygyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berilýär

view-icon 454
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ähli halk tarapyndan baýram edilmeginiň öňüsyrasynda Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Esenmeňli obasynda döwrebap saglyk öýi oba adamlaryna öz gapylaryny giňden açdy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurlan nobatdaky wajyp ähmiýetli binanyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bu obanyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülip, baýramçylyga mahsus ýagdaýy döretdi.

Baýdaklar, lentalar we howa şarlary bilen bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada obanyň köp sanly adamlary we myhmanlar ýygnandylar. Olaryň öňünde döredijilik toparlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular oba adamlaryny saglyk öýüniň açylmagy bilen gutladylar.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap oba saglyk öýüniň açylmagyny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup geçýän uly özgertmeleriň ýene-de bir ajaýyp nyşanyna öwrülendigini bellediler. Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmenistanlylaryň ýaşaýşyny hil taýdan has-da gowulandyrmak boýunça uly möçberli milli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama bolup durýar. Çykyş edenler döwlet Baştutanyna mähriban halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize türkmen halkynyň abadançylygy we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky giň gerimli işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.

Soňra ýygnananlar saglyk öýi bilen tanşyp, bejeriş geçirilýän otaglary synladylar we lukmançylyk edarasynyň tehniki taýdan üpjün edilişi bilen gyzyklandylar. Köpugurly we her günde 30 adamy kabul etmek üçin niýetlenen saglyk öýünde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumy, şol sanda maslahat bermek we anyklaýyş boýunça zerur kömek berler. Onuň tehniki taýdan üpjün edilişi döwrebap halkara talaplaryna laýyk gelýär, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm jndürijileriniň lukmançylyk tehnikasy oturdyldy. Saglyk merkezinde ähli zerur iş otaglary, şol sanda rentgen, terapiýa, hirurgiýa, ginekologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, bejeriş amallary geçirilýän otaglar, ultra sesli barlag, EKG, maşgala lukmanlary üçin niýetlenen otaglar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana bar.

Obadaky Saglyk öýüniň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldiSaglyk öýi suw, elektrik energiýasy we ýylylyk boýunça özbaşdak işleýän ulgam bilen üpjün edildi. Bu bina ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy, olaryň arasynda has tapawutlananlara dabarada gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.