Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, biziň ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine hünär baýramçylygy mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine uly üstünlikler arzuw edip, dünýäde bolup geçýän syýasy wakalardan habarly türkmen diplomatlarynyň özygtyýarly Watanymyzyň milli bähbitlerini goramak we türkmen döwletiniň döwrebap hem-de durnukly ösüşini şertlendirýän amatly daşary syýasat mümkinçiliklerini döretmek boýunça strategik taýdan möhüm wezipeleriň oňyn çözülmeginde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyz ählumumy ýagdaýlara esasy gatnaşyjy, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda dostlukly, uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmek arkaly halkara gatnaşyklaryň ulgamynda öňdäki orunlaryny eýeleýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen we dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan hemişelik bitaraplyk derejesi dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi özüniň syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden we halkara hukuk kadalaryny, borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän türkmen döwleti üçin giň mümkinçilik açýar. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik derejesi ýurduň daşary syýasatynda we biziň döwletimiziň diplomatiýasynda anyk beýan edilmek bilen, ol sebitde we tutuş dünýäde deňhukuklylyk, özara ylalaşyk we birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýan gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Maslahatda çykyş edenler ählumumy abadançylygyň bähbidine dünýäniň ýurtlary, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugry bolandygyny bellediler. Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek arkaly öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär hem-de ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanýar.
Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wezipeleri barada aýtmak bilen, çykyş edenler tagallalaryň utgaşdyrylmagy we belent sepgitleriň meýilleşdirilmegi, diplomatik korpusyň işiniň kämilleşdirmegini hem-de biziň ýurdumyzyň wezipeleriň giň ugry, ilkinji nobatda bolsa sebitleýin howpsuzlygyň, ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, şeýle hem häzirki zamanyň howplarynyň we wehimleriniň öňüni almak, olara garşy göreşmek boýunça meseleleriň giň toplumy babatda geosyýasy we geoykdysady giňişlikdäki ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen we syýasy-diplomatik ýollar, gepleşikleri geçirmek usuly we serişdeleri arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyna bolan ynamy biziň ýurdumyzyň ugur edinýän esasy ýörelgesidir.
Şu jähetden “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna” aýratyn ähmiýet berilýär. Onda ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary we maksady kesgitlendi, geljek ýyllar üçin anyk ugurlar, wezipeler jemlendi. Bellenilişi ýaly, strategik ähmiýetli maksatnamalaýyn daşary syýasat resminama, türkmen döwletiniň oňyn bitaraplygynyň möhüm ugurlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen düzülen bu Konsepsiýanyň esasyny düzýär. Öňde goýlan wezipeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendigini alamatlandyrýar.
ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi we has netijeli işlemegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildilip, öz öňünde goýlan we ýurduň parahatçylyk söýüjilki ugruny, döwlet Baştutanymyzyň durnukly we howpsuz ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine gönükdrilen oňyn başlangyçlaryny mynasyp ýerine ýetirmek boýunça örän jogapkärli we möhüm wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin ähli tagalallaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.