Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň täze açylan fakultetleriniň biri bolan – lukmanlary diplomdan soňky taýýarlaýyş we kämilleşdiriş fakultetiniň wekilleri gatnaşdylar
Biziň ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň bu ýörite ylmy maslahaty ýaňy-ýakynda bu ýokary okuwynyň uçurymlarynyň içnden diňe kliniki ordinatorlar we lukman-internler üçin niýetlenildi.
Maslahatyň işleriniň çäklerinde planýor we üç bölüm kadasynda geçirilen mejlislerinde elli töweregi çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslhatlaşyldy. Çykyşlar terapiýa, hirurgiýa, eneligi we çagalygy goramak ýaly lukmançylygyň esasy hünär ugurlaryny ösdürmeklige bagyşlanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň maşgala lukmançylygy boýunça diplamdan soňky taýýarlaýyş kafedrasynyň müdiri Sona Babaýewanyň aýdyşy ýaly, lukmanlary diplomdan soňky taýýarlaýyş we kämilleşdiriş fakultetiniň işi üç ugur boýunça – hünärmenleri iki ýyllyk kliniki ordinaturada, bir ýyllyk internaturada taýýarlamak, lukmanlary we prowizorlary dürli dowamlylykda okadylýan usulda kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýar. Şeýleleik bilen, lukman hünärmenlerini taýýarlamak işleri tapgyrlaýyn yzygiderli: ýokary okuw mekdebi – ilkinji hünäri – zähmet ýolunyň bütin dowamynda lukmançylyk bilimlerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly usul boýunça amala aşyrylýar
Iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri we bejeriş-öňüni alyş edaralary fakultetiň kliniki binýady bolup durýar.