Ï Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary gurultaýy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary gurultaýy

view-icon 489
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň pudaklaýyn we welaýat kärdeşler birleşikleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň işjeňleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we geljek üçin işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler, şeýle hem guramaçylyk meseleleri girizildi.

Gurultaýyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipeleri babatda Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işleri, şeýle hem onuň Merkezi derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleri netijesinde biziň ýurdumyz berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri, strategik döwlet maksatnamalaryny we giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga, demokratik, hukuk, dünýewi, ynsanperwer jemgyýeti kemala getirmäge ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkezi hem öz goşandyny goşýar.

Häzir ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri hem olaryň işini türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň täze taryhy döwrüniň wakalaryny nazara almak bilen kämilleşdirmek bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda hil taýdan öňe ilerlemegi, islendik işe täzeçil çemeleşmegi talap edýär.

Maslahatyň barşynda Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny giňeltmek, olaryň işleriniň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Kärdeşler birleşikleriniň alyp barýan işleriniň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň aýratyn üns berýän raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, olaryň bähbitlerini we kanuny hukuklaryny goramak, joşgunly we ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça işleri dowam etmegiň gerekdigini aýtdylar. Ösüp gelýän nesli watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, ýaşlary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere giňden çekmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagyň möhümdigi hem bellenildi. Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda sagdyn durmuş ýörelgesi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak pikirlerini wagyz etmek boýunça işler hem kesgitlendi.

Gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary IV gurultaýynyň ara alyp maslahatlaşmaga hödürlän kararynyň taslamasyny biragyzdan makulladylar. Onda ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler öz beýanyny tapdy.

Gurultaýyň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkeziniň täze düzümini saýlamak meselesine hem garaldy. Guramanyň ýolbaşçysy T.Muhammedowa eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Gurultaýnyň biragyzdan kabul eden karary bilen KAMM-nyň başlygy wezipesine M.Ýazmuhammedowa saýlanyldy.

Forumyň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň nobatdan daşary IV gurultaýynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Baş maksady eziz Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy we rowaçlygy bolup durýan milli Liderimiziň syýasatyny biragyzdan goldap, gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.