Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek boýunça geçiren işleri barada habarlar diňlenildi.
Tutuş Türkmenistan boýunça Geňeşleriň 69 agzasyny hem-de welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň 59 agzasyny saýlamak wezipesi durýar. Şunuň bilen baglylykda, etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde Geňeşleriň agzalaryny hem-de halk maslahatlarynyň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw okruglarynyň 128-si, Ahal welaýatynda 9-sy, Balkanda—20, Daşoguzda—22, Lebapda—22, Mary welaýatynda—50, Aşgabat şäherinde 5-si döredildi.
Okruglaryň çäklerinde saýlaw uçastoklarynyň 278-si döredilip, etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň uçastok saýlaw toparlary düzüldi. Olara jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, şeýle hem raýat toparlary tarapyndan görkezilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň, bilim we saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri girdiler. Saýlawçylaryň sanawlary kesgitlendi. Ýakyn wagtda saýlaw uçastoklaryny zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmek işleri başlanar.
Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen 2013-nji ýylyň 28-nji fewralyndan halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine dalaşgärleri görkezmek başlanýar.
Welaýatlaryň okrug saýlaw toparlarynda bellige almak tamamlanandan soň wagyz ediş işlerine badalga berler. Hereket edýän kanunlara laýyklykda ,saýlaw toparlarynyň, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli guramalarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň üstüne dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny we ýygnaklaryny guramak wezipesi ýüklenýär. Dalaşgärleriň hemmesine ýerlerde giň gerimli ösüş maksatnamalaryny, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmak bilen bagly öz tekliplerini köpçülige ýetirmek üçin deň hukuklar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.
Mejlisde Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw seminarlaryny geçirmegiň jemleri hakynda hasabat berdiler. Şol okuwlar olara gatnaşyjylara milli saýlaw kanunlaryna girizilen üýtgetmeler, has takygy “Halk Maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda” täze Kanun, öz wezipe borçlary hem-de saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Mejlisiň çäklerinde bu çärä gözegçilik etjek Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Kärdeşler arkalaşyklaryndan, Zenanlar birleşiginden we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan milli synçylaryň häzirki wagtda alnyp barylýan işler hakynda hasabatlary diňlenildi.
Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň agzalary bu çäräniň giň bäsdeşlik esasynda geçiriljekdigine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan düýpli özgertmeler syýasatynyň esasy şertleriniň biri hökmünde demokratik özgertmeleri has-da çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.