Türkmenistanda 1-nji martdan başlap hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy girizilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen hökmany döwlet atiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama, şeýle hem bu ätiýaçlandyrma degişli bolan howply işleriň görnüşleri we desgalaryň sanawy tassyklandy. Hökamny döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklendi.
Ekologiki ätiýaçlandyrma daşky gurşawy goramagyň ykdysady mehaniziminiň bir elementi hökmünde daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini geçirmek üçin maliýe serişdelerini emele getirilmegine goldaw berer.
Daşky gurşawyň hapalanmagy netijesinde dörän üçünji tarapyň çykdajylaryny ätiýaçlandyrma kepillendirmesi bilen üpjün etmek ekologiki ätiýaçlandyrmanyň maksady bolup durýar. Işiň ekologiki taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan ätiýäçlandyrylanlaryň raýat-hukuk jogapkärçiligi bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlarda üçünji tarapyň ömrüni, saglygyny, emlägini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek hökmany ekologiki ätiýaçlandyrmanyň borjy bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, işiň ekologiki taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplary, olaryň şahamçalary, wekilleri, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyny grizmek bellenildi.
Şahsy we edara görnüşli taraplar 2013-nji ýyl üçin hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2013-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli baglaşmalydyr. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir kalendar ýyly boýunça 1-nji ýanwardan 31-nji dekabra çenli baglaşylýar.