Tutuş ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy – 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni giňden bellenildi.
Ýakymly aladalara, şadyýanlyga, baharyň gül desselerine, mähirli arzuwlara beslenen bu gün zenanlara hormat goýulýar, olar aýratyn alada we söýgi bilen gurşalýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklarymyz ýaly, Halkara zenanlar güni hem Türkmenistanda milli ýörelgelere laýyklykda bellenilýär, munuň özi ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet derejesinde, hakykatdan-da, uly üns berilýändigini görkezýän subutnamadyr.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň işjeň, milletiň belent ruhy gymmatlyklaryny, parasatly däp-dessurlaryny we adatlaryny aýawly saklaýan işeňňir zenanlary döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna giňden gatnaşýarlar. Olar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar hem-de ata Watanymyzyň gazanýan uly üstünliklerine önjeýli goşant goşýarlar.
Bilim we hünär babatda ýokary derejä eýe bolmagy, işjeňlik we telekeçilik bilen meşgullanmak zenanlarymyza mahsus alamatlardyr. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Olaryň milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sazlaşykly ösýän ýaş nesli – Watanymyzyň geljegini terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän işleriniň ähmiýeti örän uludyr.
Enelik we çagalyk barada alada etmek, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen aýal-gyzlarynyň döredijilik we aň-düşünje kuwwatyny ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak boýunça borçlaryna ygrarlydygyny görkezýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösldürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk ädimler, olaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, çagalaryň döwrebap ösdürilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi we başga-da birgiden çäreler muňa mysal bolup biler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli zenanlaryna baýramçylyk Gutlagynda eziz enelerimize, mähriban gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň ajaýyp däbidir diýip belledi. Milli Liderimiz: “Geljekde hem döwletimiz tarapyndan zenanlarymyzyň erkana, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we zähmet sekmekleri, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler dörediler. Eziz enelerimiziň, mähriban uýalarymyzyň, hormatly gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr” diýip nygtady.
Türkmenistanda gözelligi we joşguny, ýagşylygy we näzikligi, tebigatyň janlanmagyny we ýaşaýşyň şatlygyny alamtlandyrýan bu baýramçylyk ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýär. Ýurdumyz täzelenişe mahsus ýagdaýda ýaşaýar, bu ýagdaý uly, bitewi we agzybir maşgalanyň her bir agzasynyň bähbidi ugrunda amala aşyrylýan ähli işlere we başlangyçlara badalga berýär. Döwletimiziň baş gala hasaplanýan maşgala deňelmegi ýöne ýerden däldir. Şol maşgalada belent ruhlulygyň, medeniýetiň bitewüligine, Ýeriň tebigy serişdeleriniň we adamyň aýawly saklanmagyna esaslanýan dünýä gurluşyny öňe sürýän zenana aýratyn ornuň degişli bolmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban zenanlarymyza -- köp çagaly enelere “Ene mähri” atly hormatly ady dakmak hakyndaky Permana, şeýle hem kärhanalarda we edaralarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlardan, mekdeplerde we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlardan başlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Tutuş ýurdumyzda - türkmen paýtagtynda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri mübäreklemek bilen bagly dabaralar ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Gözelligi we dünýäniň sazlaşygyny alamatlandyrýan bahar baýramynyň – 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu ajaýyp dabaralar milletiň ruhy gymmatlyklarynyň mizemezligini, türkmen halkynyň gadymy mukaddeslige ygrarlylydygyny alamatlandyrdy, öýüň ojagyny saklaýan zenan – ene şol mukaddeslikleriň hatarynda durýar.
Ýeri gelende aýtsak, “Ene mähri” diýen ada mynasyp bolan köp çagaly eneler üçin ençeme ýeňillikler bellenildi. Ýöne, ilkinji nobatda, bu at tapawutlandyrmagyň belent nyşany, enäniň jemgyýetiň we döwletiň öňündäki hyzmatlarynyň, ajaýyp zenanlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine we rowaçlygyna goşýan önjeýli goşandynyň aýratynlykda ykrar edilmeginiň nyşanydyr.
Zenanlar baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň II gurultaýy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm ähmiýetli waka öwrüldi, şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu abraýly jemgyýetçilik guramasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri kesgitlenildi. Gurultaýa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan işeňňir, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän zenanlar, kärhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet gullukçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Ýaşyna we hünärlerine garamazdan, olara ara alyp maslahatlaşmak hem-de geljekki bilelikdäki meýilnamalar hökmünde teklip etmek üçin niýetlenen meseleler az bolmady.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabara welaýatlarda geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri, Türkmenistanyň tanymal zenanlary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar çagyryldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guraldy, onda “Ussat zenan”, “Çagalary terbiýelemekde gazananlary üçin”, “Jemgyýetiň ösüşine goşan goşandy üçin”, “Jemgyýetçilik işinde tapawutlanandygy üçin”, “Obanyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin”, “Ýokary guramaçylyk ukyplary üçin”, “Telekeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” diýen ugurlar bar. Şeýle hem eminler öz çözgüdi bilen, bäsleşikden daşgary “Abraýly zenan” we “Dünýäde türkmen halyçylyk sungatynyň wagyz edilýändigi üçin” diýen iki ugur boýunça sylaglary gowşurdy.
Ata Watanymyzyň şan-şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Türkmenistanyň kärhanalarynda we edaralarynda, ministrliklerinde we pudak edaralarynda, okuw mekdeplerinde ajaýyp zenanlara – enelere, ejelere we uýalara bagyşlanan dürli çäreler geçirildi, 8-nji mart güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň medeniýet merkezleriniň muzeýlerinde we kitaphanalarda sergiler guraldy, döredijilik bäsleşikleri, ýazyjylar bilen duşuşyklar geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň sahnasyndaky döwlet konserti zenanlara bagyşlanan ajaýyp sowgat boldy, oňa ýurdumyzyň meşhur, ussat döredijilik we folklor toparlary, halk sazandalary, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.
Baýramçylyk gününde – 8-nji marda Garaşsyz ata Watanymyzyň şan-şöhratly zenanlaryna täsirli baýramçylyk çäreleri bagyşlandy.
Şol gün “Mizan” işewürlik merkezinde “Arkadag, bagtyýar zenanlar size minnetdar!” diýen dabara boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi we Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikler gazanan zenanlar çagyryldy.
Bu ýere ýygnanalaryň arasynda Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, welaýatlaryň häkimlikleriniň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp gyzlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýän zenanlar, telekeçiler bar. Hormatly myhmanlaryň arasynda zähmet weteranlary hem bar.
Baýramçylyga we bahara mahsus görnüşde bezelen zalda tanymal estrada artistleri çykyş etdiler hem-de türkmen zenanlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy we gadymy türkmen topragynyň sahawatlylygyny wasp edýän ajaýyp milli aýdym-sazalar ýaňlandy. Tanymal medeniýet işgärleri, artistler mähriban eneleriň, ejeleriň, uýalaryň we gyzlaryň adyna ýakymly gutlaglaryny, arzuwlaryny aýtdylar.
Dabara gatnaşan zenanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan watançylyk aýdymyny dik durup, tolgunma we buýsanç bilen diňlediler. Bu aýdym ýaňlananda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler baradaky wideoşekiller görkezildi.
Baýramçylyk dabarasynda wäşiler çykyş edip, degişmeleri bilen gözel zenanlary şatlandyrdylar. Şol gün sahnada Türkmenistanyň näzik we ajaýyp, gözel we sypaýy, pähimli, wepaly we gujurly zenanlary wasp edildi.
Şeýle hem “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri boldy.
Mahlasy, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan täsirli dabaralar zenanlara uly hormat goýulmagynyň we baş egilmeginiň, olara mukaddeslik, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň bitewüliginiň we sazlaşykly ösüşiniň daýanjy hasaplanýan maşgala ojagynyň abadançlygyny we mizemezligini aýawly saklaýan ene hökmünde garalmagynyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň zenanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, türkmen zenanlarynyň abadan durmuşy we dürli ugurlarda zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi, halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklarynyň baýlaşdyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ajaýyp döwürde – uly möçberli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe parahatçylygy we döredijiligi ileri tutýan ýurtda ýaşaýandygy üçin özlerini bagtyýar, buýsançly duýýandyklaryny nygtadylar.