Şu gün biziň ýurdumyzda giňden bellenýän şanly baýramçylygyň –Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Maslahat köşgüniň ajaýyp zalynda Watanymyzyň şöhratly gelin-gyzlaryna bagyşlanan Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.
Mährem ene gadymy döwürlerden bäri maşgala ojagyny gorap saklaýan, paýhasly maslahatçy we wepaly ýanýoldaş hökmünde türkmenleriň buýsanjy hasaplanypdyr. Ata-babalarymyzyň bu ajaýyp däpleri türkmen zenanlarynyň hemmetaraplaýyn başarnyklarynyň hakyky açylýan döwri bolan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlerde türkmen zenanlarynyň aýratyn ornuny birsyhly nygtaýar: “Olar döwleti dolandyryş işlerinde, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, aragatnaşyk, hyzmatlar, medeni-gumanitar ulgamlarda uly işleri bitirýärler”.
“Türkmenistan döwletimiz eziz enelerimiziň, edep-ekramyň nusgasy hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygyny, olaryň hukuklaryny ygtybarly goramagy üpjün etmegi özüniň baş maksatlarynyň biri hasaplaýar” diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şu gün paýtagtymyzda bolan ikinji gurultaýyna gatnaşyjylara Gutlagynda belleýär.
Şu gün zenanlaryň adyna aýdylan köp sanly mähirli gutlaglar howanyň aýazly günlerini unutdyrdy, paýtagtymyzy örten ak gar bolsa, nuranalygyň, tämizligiň, gözelligiň we nepisligiň özboluşly nyşany hökmünde garşylandy, türkmen sungatynda zenanlaryň keşbi şol nyşanlar bilen aýrylmaz baglanyşdyrylýar. Döwlet konsertiniň baýramçylyk maksatnamasy hem muny äşgär görkezdi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zenanlar onuň tomaşaçylary boldular.
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we missiýalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylym hem-de bilim edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar we dabaranyň esasy gahrymanlary bolan zenanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda zähmet weteranlary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ikinji gurultaýyna gatnaşyjylar hem-de “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijileri bar, şol bäsleşigiň jemleýji tapgyry Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda boldy.
“Dünýäniň ähli gülleri, ähli öwüşginleri, ähli şahyrana hem-de aýdym-saz eserleri, mähriban zenanlar, size bagyşlanandyr!” diýip, ajaýyp zalda ruhubelentlik ýagdaýy çeper beýan etmek bolar, ýurdumyzyň iň oňat ussat döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleri, ýurdumyzyň tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Dünýäniň bar görki, durky zenanlar” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň ajaýyp çykyşy boldy. Bu aýdyň çykyşda türkmen zenanlarynyň keşbi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan duýgular, ýagny gözellik, hoşniýetlilik, asyllylyk we wepalylyk, egsilmez söýgi hem-de näziklik wasp edildi. Tomaşaçylar jemleýji watançylyk aýdymyny ör turup, üns bilen diňlediler, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gadamlaryny beýan edýän wideo şekiller bilen utgaşdy.
Konserte ýaş gatnaşyjylar bolan “Ruhubelent çagalar”, “Joşgun”, “Şatlyk” çagalar toparlary we ýaş aýdymçylar mähriban ene-mamalarymyzy täsirli, özüne çekiji mähir we söýgi bilen gutladylar.
Meşhur estrada aýdymçylary öz ussatlyklaryny görkezdiler, olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy aýdym-saz eserleri, zenanlary wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Ajaýyp zalda halk sazandalarynyň çykyşlary zenanlara özboluşly sena boldy.
Meşhur wäşileriň özboluşly çykyşlarynda zenanlara bolan söýgi beýan edildi.
Folklor toparlary halk dessanlarynyň we rowaýatlarynyň äheňinde ajaýyp çykyş etdiler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toparlarynyň bilelikdäki çykyşyna tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar, şol çykyşda mähriban Watanymyzyň gadymy we baky juwan topragyny öz mähri bilen çoýýan türkmen baharynyň köp öwüşginli keşbi wasp edildi.
Garaşsyz Watanymyza we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly buýsanç duýgusyna ýugrulan “Baky buýsanjymyz - Arkadag, Watan!” atly aýdym döwlet konsertiniň ajaýyp jemleýji çykyşy boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Türkmenistanda halkyň eşreti üçin, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu günler Halkara zenanlar gününiň şanyna baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň we welaýatlaryň seýilgählerinde iň gowy sahna we konsert meýdançalarynda geçirilýär.