Ï Türkmenistanyň DIM-niň žurnaly neşirleriň halkara sanawyna girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň žurnaly neşirleriň halkara sanawyna girdi

view-icon 557
Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyna tapgyrlaýyn neşiriň ISSN 2307-1206 halkara standart belgisi berildi. Neşir ISSN Sanawynda hasaba alyndy. Ol Parižde ýerleşýän ISSN Halkara merkezi tarapyndan tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä bileleşiginde çuňňur gyzyklanma döredýär. Türkmen Lideriniň sebitleýin derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän ylalaşdyryjylyk başlangyçlary we häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça teklipleri türkmen döwletine uly abraý getirdi. Bu gün Türkmenistan halkara giňişliginde sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek işine uly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi.


Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda 2011-nji ýldan bäri neşir edilýär. Bu möhüm çözgüt ýrdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň, şol sanda bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many-mazmunyny we maksatlaryny düşündirmek wezipeleriniň möhümligini nazara almak bilen kabul edildi.

Biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda bolup geçýän halkara ähmiýetli wakalara syn bermek we olary ýurdumyzyň we dünýäniň okyjylaryna ýetirmek, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, häzirki döwrüň sebitleýin we ählumumy meselelerini ylmy-tejribe taýdan beýan etmek bu neşiriň esasy wezipesi bolup durýar.

Žurnalyň her sanynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçiren duşuşyklaryna we gepleşiklerine seneler boýunça yzygiderlilikde syn berilýär. Makalalarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli işleri alyp barmagyň aýdyň mysalyny görkezýär we sebitiň ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen biziň ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli syýasy - diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň okyjylaryna abraýly halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň, şeýle hem dürli döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda biziň ýurdumyzda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklary we maslahatlary beýan edýän makalalar hem yzygiderli hödürlenýär.

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryna bagyşlanan makalalar hem okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Olar biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolblaşçylary tarapyndan taýýarlanylýar. Bulardan başga-da žurnalda dürli halkara düzümleri bilen netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň berýän habarlar çap edilýär.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen bölümde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen hökümetara toparlarynyň we bilelikdäki işçi toparlaryň mejlisleri, dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler beýan edilýär. Bu bölümde resminamalara syn berilýär.

Awtorlaryň ussatlygy, meseleleriň giňden we çuňňur gozgalmagy ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyna gysga döwriň içinde biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda uly isleg bildirilýän neşire öwrülmegine mümkinçilik berdi.