Şu gün Baýramaly şäherinde nobatdaky durmuş maksatly desganyň – 160 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi körpe şäherlilere ajaýyp sowgatdyr.
dabarasyna ýygnanan welaýat we şäher häkimlikleriniň, bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň ýaşaýjylary hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemek üçin zerur şertleri döretmek barada edýän aýratyn aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şu çagalar bagynyň açylmagy hem bu aladanyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Ýerli gurluşyk guramasynyň işgärleri taslamanyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşdular. Bu gurama täze binany häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly gurdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatda gurulýan beýleki köp sanly desgalar ýaly, täze binada hem häzirki zaman binagärlik ugurlary bilen birlikde milli binagärligiň köp öwüşginli äheňleri öz beýanyny tapdy.
Iki gatly binada ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Ähli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglar, amatly ýatakhanalar, oýun otaglary, başlangyç kompýuter sowatlylygyny özleşdirmek üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde şeýle hem giň bedenterbiýe zaly, oýun meýdançalary, naharhana we aşhana, lukmaçylyk otagy bar. Çagalar bagyna ýanaşyk ýerler bagy-bossanlyga öwrülipdir, onuň daş-töweregini ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri bezeýär.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň barşynda döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlardan we tanslardan ybarat bolan baýramçylyk konserti boldy. Dabarada tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.