Ï Iri söwda merkezi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iri söwda merkezi gurulýar

view-icon 561
Türkmenbaşy şäherinde „Adamant“ hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça söwda merkeziniň gurluşygyna başlanyldy. Tamamlanmagy 2014-nji ýylda meýilleşdirilen bu täze gurluşyk deňiz kenarynda ýerleşýän şäheriň taryhynda iň iri merkezleşdirilen söwda toplumy bolar.

Gurluşyk meýdançasy şäheriň iň bir gelim-gidimli ýeri bolan öňki bazaryň golaýynda şäher köçeleriniň kesişip geçýän ýerinde ýerleşýär. Diýmek satyn alyjylar akymy bu ýerde ýeterlik derejede bolar. Gurluşyk meýdançasynyň amatly ýerden saýlanyp alynmagy onuň „Türkmenbaşy“ Döwlet täjirçilik bankynyň şahamçasynyň häzrki zaman binasy hem-de daşary ýurtlardan we öz ýurdumyzdan gelýän myhmanlaryň köp sanlysynyň düşleýän ýeri bolan „Çarlak“ myhmanhasy bilen ýanaşyk ýarleşmegi hem muny tassayklaýar.

Söwda merkeziniň iki gatdan ybarat bolan binasy taslama boýunça ýapyk göniburçlykdan ybaratdyr. Onuň merkezinde bolsa gündogar äheňindäki açyk bazar ýerleşer. Tunnel şekilindäki gapdal girelgeleri we burç portaly bazara barmagy üpjün eder. Düýpli binanyň ýöriteleşdirilen jaýlary şäheri dürli görnüşli senagat we azyk önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek bilen meşgullanýan satyjylara kärendesine beriler.

Söwda merkeziniň teläriň aşagyndaky howlusynda gök-miwe söwdasyny guramak üçin prilawkalar ýerleşdiriler. Söwda merkeziniň sokol gatynyň jaýlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen tehniki, hyzmat ediş we beýleki bölümleri ýerleşer.Binanyň ýokarky gatlarynda - harytlary mahabatlandyrýan geçilýän zallarynda, dükanlarynda, kafede we beýleki söwda nokatlarynda awtomatiki usulda işleýän howany sazlaýjy enjam oturdylar. Söwda merkeziniň gurluşygynyň meýilnamasynda satyn alyjylara ýokary derejeli hyzmat etmegi üpjün edýän ýdermanhana, standartlaşdyrma gullugynyň metrologiki nokady, arassaýylyk gullugynyň we beýleki gulluklaryň jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulandyr.