Ï Aşgabadyň köçeleri al-ýaşyl güller bilen bezeldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň köçeleri al-ýaşyl güller bilen bezeldi

view-icon 769
Aşgabat Nowruz baýramçylygna bezelýär. Paýtagtyň bagbanlary 10-njy martda gül öasümliklerini ekmek möwsümini açmak bilen, güldür bag nahallaryny ekmäge köpçülikleýin girişdiler. Merkezi şaýollarynyň we köçleriň ugurlaryndaky gül ekilýän ýerlerde, çatryklarda bezeg hem-de gülleýän ösümlikleriň her günde müňkerçesi ekilýär.


Munuň üçin Aşgabat şäher häkimliginiň nahalhanasynda ýeterlik mukdarda ösümlikler ösdürilip ýetişdirildi. Olar kalanhoeden, primulalardan, anýutinalardan, glazkilerden we geranlardan, şeýle hem nogotkilerden, irislerden, petunýalardan, ageratumalardan, dürli reňkli werbenalaryň çemeniniň üýzlerçesinden ybaratdyr. Paýtagtyň merkezini golaý wagtda owadanlygy boýunça seýrek duş gelýän giasintler we çigildemler bezär.

Mundan öň şäheriň gül ekilýän ýerlerini gülleriň gyşky görnüşleri – ýiti ysly sary we mämişi barhatesler, hrizantemalar, ýabay kelemler bezärdi. Indi bolsa dürli gülleri şäheriň ilaty bir ýerik haýdap barýan hem bolsalar, ýörite saklanyp, şäheriň köçelerini bezeýän dürli rwňkdäki bu gülleri ýakyndan synlaýarlar.


we Bitarap Türkmenistan şaýollarynda, Hajaahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Azatlyk etrap abadanlaşdyryş edarasynyň Bagbançylyk müdirliginiň bagbanlar topary bu iş bilen meşgullandylar. Agyr ýükleri daşaýan ulagyň tirkegine ýüklenen küýzejiklerde we konteýnerlerde ösdürilip ýetişdirilen hem-de eýýäm gülläp outran ösümlikler yzly-yzyzna boşaýardy, emma onuň tersine gül ekilýän ýerler gül nagyşlary bilen doldurylýardy – güller üçin abadanlaşdyrylan ýerlerdäki köçeleriň gyrasyndaky gül ekilýän ýerlerde nobatdaky owadan nusgadaky keşpler emele gelýär.

Bagbanlaryň özleriniň gürrüň berişleri ýaly, bu möwsüme çenli topragy ekişe taýýarlamak işleri bir aýdan hem gowrak wagt dowam etdi, toprak ýumşadyldy, dökin bilen iýmitlendirildi, Aşagabatda ösüp oturan baglar timarlandy, paýtagtyň seýilgählerinde häzir hem abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Indi gülleri ekmek üçin ýörite bellenilen ýerlerde dürli ösümlikler boý alýarlar, ýazky bir ýyllyk ösümlikler oturdylýar, bagbanlar häzirlikçe seýrek gabat gelýän bezeg gülälleklerini ekýärler.