Aşgabadyň günorta böleginde Ýunus Emre köçesiniň ugrunda “Parahat-7/1“ kiçi etrapçasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşygyň bu böleginde gurluşyk işleri birbada ýedi binada alnyp barylýar. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň „Arkaçgurluşyk“ we „Aşgabatgurluşyk“ önümçilik birleşikleriniň hünärmenleri bellenilen möhletden ozup işlemek bilen, eýýäm 16-njy ýaşaýyş jaý toplumyny ulanmaga berdiler. Şu aýda oňa ýanaşyk ýerde ýerleşýän 13-nji we 17-nji öýler taýýar bolar. Ýene-de iki sany öýüň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Köp gatly 15-nji we 19-njy öýleriň düýbi tutuldy.
„Parahat-7/1“ kiçi etrapçasynyň 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy geçen ýylyň ahyrynda tamamlandy. Bu jaýlarda eýýäm onuň ýaşaýjylary jaý toýuny toýladylar. Durmuş üpjünçilik ulgamlary bolan bug gazanlary, suw soryjylar, elektrik bilen üpjün edýän podstansiýalar, bu çäkleri yşyklar bilen üpjün edýän elektrik üpjünçilik desgalary iş düzgüninde işleýär.Bu ýeri köp adamly bolup, eýýäm ulag goýulýan ýerler, çagalar oýnaýan meýdançar eýýäm çagalara hyzmat edýärler. Medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýörite ýer taýýar edildi. Täze etrapçanyň ýaşaýjylaryna oňaýly bolaýar ýaly ýolagçy gatnadýan awtobuslar bellenilen möhlet boýunça işleýärler.
Gurluşygyň „Türkmendöwlettaslama“ Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi tarapyndan işlenilip düzülen taslamasyna laýyklykda şu günler gurluşygyň barýan ýerinde 140 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna badalga berildi.
„Parahat-7/1“ etrapçasynyň umumy meýdany 9 gektar bolab gurluşygynyň çäklerinde ýene-de bir 140 orunlyk çagalar bagynyň hem-de 500 orunlyk orta okuw mekdebiniň binasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu etrapçanyň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen ýerleriň 6-sy, oýun we sport meýdançalary, köçede ulag goýulýan ýerleriň 11-si, elektrik podstansiýalaryň 6-sy, suw sorujylar, bug gazany, dükanlar, üç gatly ýapyk ulag goýulýan toplumynyň ikisi ýerleşer. Umuman „Parahat-7/1“ etrapçanyň çäklerinde 9 gatly iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-si bolar. Olarda has amatly 1-4 oňaýly otagly öýleriň iki müň sanysy ýerleşer.
„Parahat-7/1“ gurluşygyny indiki ýyl tamamlamagy meýilleşdirilýär. Soňra taslamasy ahyrky tapgyrda alnyp barylýan „Parahat-7/2“ we „Parahat-7/3“ etrapçalarynyň gurluşygyna başlanar. Umumylykda bu ýaşaýyş jaý etrapçalarynyň üçüsiniň gurluşygy 23 gektar töweregi meýdany eýelär.