Ï IŇ ÝAŞAJYK GYZLAR BÄSLEŞÝÄRLER
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

IŇ ÝAŞAJYK GYZLAR BÄSLEŞÝÄRLER

view-icon 665
„Iň eýjejik gyzjagaz - 2013“ bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Aşgabatda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda bu hormatly at ugrunda bäsleşen ýaşajyk syzlaryň 12-ni – her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 2-ni ýygnady

Däp boýunça bu çäräni guraýjylar – Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy ýurduň ähli sebtinde başlangyç synplarda okaýan ýaşajyk gyzlaryň arasynda öňünden bäsleşik geçirdiler. Olaryň ýeňijileri bolsa jemleýji tapgyra gatnaşdylar.

Ýaşajyk bäsleşige gatnaşyjylary ruhy taýdan goldamak maksady bilen bu ýere olaryň synpdaş ýoldaşlary, ene-atalary, dogan-garyndaşlary we beýleki ýakyn adamlary ýygnandy. Birnäçe sagadyň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar tomaşaçylary, esasan hem öz zehinlerini giňden açmak bilen, ajaýyp sahna eserleri bilen emin agzalaryny begendirdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda gyzjagazlar bäsleşigiň dört tapgyrynda özlerini mynasyp derejede görkezmegi başardylar. Olar öz söýgüli aýdymlaryny ýaňlandyryp we täsir ediji ýagdaýda ýerine ýetirdiler, uly bolmadyk mekdep durmuşyna degişli bolan ,gülküli sahna eserlerini görkezdiler, fiziki taýdan işjeňligi we sagdym durmuş ýörelgesine çalyşýandyklaryny beýan etdiler, milli zenanlar geýmini şahyrana wasp etmek bilen, goşgylary labyzly okadylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar özlerini diňe bir döredijilik tarapdan görkezmändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşajyk gyzjagazlar okuw maksatnamasynyň esaslaryna daýanýan blis-sahnanyň soraglaryna dogry jogap bermek bilen, emin agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldylar.

Emin agzalarynyň umumy çözgütleri boýunça bäsleşigiň esasy baýragyna BAE Prezidenti şeýh Zaid bin Soltan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 1-nji synp okuwçysy Körpe Ýegenbaýewa mynasyp boldy. Birinji iki sany baýraklaryň eýeleri Mary welaýatynyň wekilleri – Mary şäheriniň 1-nji synp okuwçysy Gülşat Baýramowa we Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň üçünji synp okuwçysy Aýjahan Gylyçlyýewa eýelediler. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Oguljan Çomakowa bolsa üçünji bayrakly orna mynasyp boldy.

Şular ýaly çäreleriň geçirilmegi çagalaryň köp taraply zehinlerini we başarnyklaryny höweslendirmäge gönükdirilendir diýip, emin agzalary nygtadylar. Bu mekdep okuwçysynyň intellektual we döredijilik işini işjeňleşdirmek üçin goşmaça itergi berer. „Iň eýjejik gyzjagaz - 2013“ basleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan gyzlaryň ählisine hormat hatlarynyň we ýadigärlik sowgatlarynyň gowşuralandygyny bellemelidiris.