Ï Işewürlik we zehin utgaşdyrylanda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işewürlik we zehin utgaşdyrylanda

view-icon 621
Hususy işewürligiň uly bolmadyk maşgala görnüşleri biziň ýurdumyzda telekeçiligi netijeli ösdürmegiň hereket edýän görnüşidir. Ýerli çig mallary işlemekde we ýerli bazarlarda işlemeklikde işewürligiň, ony işjeňleşdirmek bilen, maşgala görnüşlrtiniň paýynyň artýandygyny bellemezlik mümkin däldir. Şonuň üçin hem maşgala görnüşiniň üstünlikli işi has uly kärhana öwrülip gidýär.


Meselem, şu ýyl özüniň döredilendiginiň bäş ýyllygyny belleýän „Jennetdag“ hususy kärhanasy işini maşgala işewürligi hökmünde başlapdy. Häzir onuň Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýän ýyladyşhana hojalygynda otag gülleri, bezeg ösümlikleri we köçeleriň gyralaryna ekilýän güller ösdürilip ýetişdirilýär. Gülleri ösdürip ýetişdirýänler tarapyndan owadan bezelen gül ertekileriniň ýanyndan biparh geçmek mümkin däl. Ak-gyzyl gülli azaliýa, goýy gyrmyzy we ak çigildemler, gülleýän geran we kalanhot – bularyň barysy höşboý ysyny paýlaýar, geň galdyrýar we hemmelerde şatlyk gülküsini oýarýar.

- Güller – bagtyň nyşany, adamzat iň ezez görýänlerine – çagalaryna gül bilen baglanyşykly atlary dakmagy ýöne ýerden däldir – diýip, kärhananyň başlygy Öwezberdi Nazarow gürrüň berýär. – Biziň gül önümlerimiziň uly islegden peýdalanýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Biz toýdyr dabaralar üçin gül çemenlerini bogýarys, biziň güllerimiz paýtagtyň köçeleriniň gyralaryna we seýilgählere ekilýär, olary Türkmenistanyň köp şäherlerinde görmek bolýar. Meselem, şu ýyl bize Balkanabat şäherinden we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan köp buüurmalar geldi.


ýaşaýjysy Kümüş Täjibaýewanyň haly kärhanasy hem ilkibaşda maşgala işewürligi hökmünde işe başlady. Häzirki günde bu ýerde halyçylaryň 60-sy işleýär. Oňa bu işde onuň 5 sany gyzy uly kömek berýärler. Olara haly dokamaklyk we milli nagyşlary dňretmek islegi çagalyk ýyllaryndan başlady. Sungatybu görnüşini haçan-da bir wagtlaryň olaryň ejeleri hem saýlap aldy. Onuň gyzlaryyň biri – Dünýä bezegçiligi öwrenýär hem-de häzirki wagtda täze halynyň taslamasynyň üstünde işleýär. El işleriniň bu ajaýyp götnüşlerini synlamak bilen, nagyşlaryň owadanlygyna we takyklygyna guwanmazlyk mümkin däl. Ýüňden we ýüpekden dokalan halylaryň her biri sungatyň hakyky eseri bolmak bilen, olar özüniň jadylaýjy nagyşlary we sazlaşykly reňkleri bilen haýran galdyrýar.


Telekeçi Şatgeldi Bozaganowyň haly önümçiligi hem kiçi maşgala işewürliginiň mysaly bolup durýar. Özboluşly, öz reňk aýratynlygy boýunça adaty türkmen halylaryna meňzemeýän, olar reňk ulanmazdan - ýüplükden ýerine ýetirilipdir. Bu ýüplükleri maşgalanyň özi düýe we goýun ýüňlerinden – ak, çal we goňur reňkli ýüňlerden dokamagyň relief, syk usulyny ulanyp, taýýarlaýar. Şatgeldi ahalteke bedewini halynyň üýzýnde şekillendirmek üçin onuň üstünde dört ýyl işledi. Onuň şekillendiren bedewi edil gum alaňlarynyň üstünden çapyp barýan ýaly görünýär. Ol halylar üçin eskizi özi taýýarlaýar. Onuň her bir halysy – eksklýuziw önümi. Şatgeldi Bozaganowyň ajaýyp halylary Awstriýada, Rusiýada we Özbegistanda geçirilen sergilerde görkezildi.


Telekeçiler Öwezberdi Nazarow, Kümüş Täjibaýewa we Şatgeldi Bozaganow – maşgala işewürligiň wekilleri, ýöne olary diňe bir bu birleşdirmeýär. Olaryň ykballarynyň umumy aýratynlygy bar – ol hem olar mundan ozal başga bir ugur boýunça işlemekleridir, olar häzirki meşgullanýan işlerine meňzeş bolmadyk düýbünden başga iş bilen meşgullanypdylar. Indi bolsa olar telekeçilige öz ykballaryny bagladylar. Öwezberdi Nazarow – ata-baba agronomçylyk bilen meşgullanyp gelýän maşgaladan. Ol ýaşlykdan azyk önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasyny ele aldy, ýöne onuň çagalykdan topraga bolan söýgisi üstün çykdy. Kümüş Täjibaýewa – bilimi boýunça şepagat uýasy hem-de köp ýyllaryň dowamynda Gökdepe şäheriniň çagalar keselhanasynda işledi. Ýöne ol özüniň boş wagtlaryny hala sarp etdi, maşgalasy üçin haly dokady we öz gyzlarynya bu asylly käri öwretdi. Şatgeldi Bozaganow bilimi boýunça – mehanik. Ýöne ol döredijilikli we zehinli adam. Surat çekmegi özi öwrenen adam. Ol özüni haly dokamak sungatyna bagyş etmegi karar etdi. Öl öz ýoluny saýlap almak bilen, bu ugurda uly üstünlikler hem gazandy.