Ï On ikinji nobatdaky gurluşugyň ilkinji binanyň ilkinji gatlary galdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

On ikinji nobatdaky gurluşugyň ilkinji binanyň ilkinji gatlary galdyrylýar

view-icon 502
Atamyrat Nyýazow adyndaky paýtagtmyzyň şaýolyň böleginde, Bitarap Türkmenistan şaýolundan Görogly köçesine çenli Aşgabadyň nobatdaky on ikinji gurluşygy dowam edýär. Gurluşyk geçen ýylyň ahyrynda başlapdy.

Şu günki günde ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy alnyp barylýar. 14-nji jaýyň gurnama işleri tamamlandy, 18-nji jaýyň 6 gaty galdyryldy, 15-nji we 19-njy jaýlaryň fundamentleri guýlup taýýar edildi. Bu meýdançada göz öňünde tutulan beýleki binalaryň gurluşygy barada aýdanymyzda, olaryň meýilnamalaşdyryş işleri alnyp barylýar, fundamentler guýulýar we fundament çukurlaryny gazmak işleri alnyp barylýar.

Gurluşygyň baş meýilnamasy “Türkmendöwlettaslama” döwlet ylmy – önümçilik birleşigi tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu gurluşyk giňişliginde 19 sany obýektiň gurluşygy meýilleşdirilen. Olaryň arasynda Türkmenistanyň döwlet ösüş bankynyň iş jaýynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Mundan başga hersi 600 oruna niýetlenen iki sany mekdep, hersi 160 oruna niýetlenen iki sany çagalar bagy, şeýle-de öňaýly otaglary ýerleşdirilen häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän 12-14 gatly, 44,70,144 jaýly 14 sany ýaşaýyş jaýy gurulýar.

Türkmen paýtagtynyň gurluşygynyň nobatdaky on ikinji gurluşygy 2014-nji dekabrynda tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar.