Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary

view-icon 491
Şu gün ýurdumyzda köp sanly täze binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara ýene-de Balkan welaýatynda boldy. Hazaryň kenarynda ýerleşýän Hazar şäherinde her günde ýüz tutup gelenleriň 200 -sini kabul etmek üçin niýetlenen Saglyk öýi öz gapylaryny giňden açdy. Täze lukmançylyk edarasynyň açylyş dabarasynyň barşynda onuň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze “Tiz kömek” maşyny sowgat berildi.

Bu ýerde ilata lukmançylyk, anyklaýyş we maslahat bermek bilen bagly kömek bermek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýi dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary we abzallary bilen üpjün edildi, şol sanda bu ýerde rentgenografiýa, ultra sesli anyklaýyş, elektrokardiogrammalary almak üçin enjamlar bar. Ýüz tutup gelenlere hirurgiýa, terapiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, fizioterapiýa boýunça we beýleki otaglar hyzmat eder. Maşgala lukmanlarynyň we belli-belli ugurlara degişli hünärmenleriň göwnejaý işlemegi üçin ähli zerur zatlar bar.

Döwrebap lukmançylyk merkeziniň açylyşy baýramçylyga mahsus ýagdaýda geçdi, oňa Balkan welaýatynyň we deňziň kenaryndaky şäheriň häkimlikleriniň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, köp sanly şäherliler gatnaşdylar. Täze Saglyk öýüniň öňünde baýramçylyga mahsus ýagdaýda bezelen meýdançada aýdym-sazlar ýaňlandy. Medeniýet işgärleri, aýdym-saz we tans toparlary bu şanly senä özleriniň döredijilik sowgadyny taýynlap, uly konsert bilen çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ozal görlüp-eşdilmedik derejede batly depgin bilen ösýän saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň, halkymyzyň saglygyny berkitmegiň meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen we yzygiderli durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň aýdyň netijesi bolup durýandygyny bellediler.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda saglygy goraýşa degişli häzirki zaman desgalar – ýöriteleşdirilen iri merkezler we klinikalar, köpugurly hassahanalar, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, saglyk öýleri, beýleki bejeriş-keselleriň öňüni almak boýunça edaralar guruldy we bularyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda has ýokary ülňülere laýyk gelýän derejede lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny berjaý edýän esasy bejeriş merkezleriniň we şypahanalaryň ählisi döwrebaplaşdyryldy, hemme ýerde bedenterbie-sagaldyş toplumlary, stadionlar we beýleki sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hut döwlet Baştutanymyzyň howandarlyk etmeginde Türkmenistanda sagdyn-durmuş ýörelgeleri yzygiderli we maksada okgunly wagyz edilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi we sport ösdürilýär, munuň özi beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilimegine gös-göni ýardam edýär.

gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirip, milli Liderimize ata Watanymyzyň rowaçlygy, türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrundaky ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

* * *

Şu gün Sakarçäge etrabynyň etrap merkezinde—Sakarçäge şäherçesinde 160 orunlyk täze çagalar bagynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli darara boldy. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşydar.

Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygy hakynda yzygiderli alada edýändiginiň, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň öz ölçegleri hem-de gurluşy boýunça çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasynyň talaplaryna laýyk gelýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny çykyş edenler belläp geçdiler.

Çagalar bagy gurlan mahaly ýerli gurluşykçylar häzirki zaman gurluşyk-gurnaýyş gurnamalaryny we timarlaýyş serişdelerini peýdalandylar. Täze çagalar bagy Murgap jülgesinde gurulýan häzirki zaman kysymyndaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýene-de bir ajaýyp nusgalarynyň biri boldy. Bu ýerde ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek, üçin ähli şertler döredildi. Çagalar bagynyň iki gat binasynda çagalaryň ýaş toparlaryna laýyklykda giň, ýagty ýatylýan otaglar, oýun oýnalýan otaglar, mejlisler zaly, başlangyç kompýuter sowatlylygynyň we aýdym-saz okuwlarynyň synp otaglary, azyk toplumy, lukmançylyk nokady göwnejaý ýagdaýda ýerleşdirildi. Çagalaryň beden taýdan ösüşi üçin pawilionlar bilen oýun oýnalýan meýdançalar göz öňünde tutuldy. Çagalar bagynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi, ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri bilen bezeldi.

Bu mekdebe çenli çagalar edarasy şäherçäniň binagärlik keşbini has-da bezäp, onuň merkezinde ýerleşdi, şäherçäniň keşbi nobatdaky täze desgalaryň işe girizilmegi netijesinde çalt özgerýär, hususan-da bu ýerde soňky ýyllarda çagalar bagy, 1, 5 müň orunlyk stadion bilen toplumda 365 orunlyk sport mekdebi hem guruldy.

Şu dabaralaryň barşynda döredijilik toparlarynyň konserti boldy, iň oňat gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.