Ï Köşi köçesiniň durky täzelenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köşi köçesiniň durky täzelenýär

view-icon 527
Aşgabadyň günbatar böleginde Görogly köçesini we Gurbansoltan eje şäýoluny birikdirýän Köşi köçesiniň durkuny täzelemek işleri dowam etdirilýär. Bu ýerde dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary işjeň gurulýar. Uzynlygy 700 metr bolan köçäniň durky täzelenýän böleginde eýýäm ýoluň ýüzi asfalt bilen örtüldi, granit bordýurlary goýuldy.

Şu ýylyň başynda badalga alan durkuny täzelemek boýunça işler şäheriň „Aşgabatýolgurluşyk“ terstiniň hünärmenlerine ynanyldy. Ýolyň durkuny doly täzelemek meýilleşdirilýär, onuň gatnaw bölegi 2828 metrdir we ini 18 metrdir. Ýoluň bütin gyralaryna granit bordýurlary goýular we yşyklandyryjylar üçin beýikligi 12 metr bolan sütünler oturdylar. Ýoluň iki tarapynda hem pyýadalar üçin ýanýodalary çekiler hem-de güller we baglar ekiler.

Köşi köçesiniň durkuny täzelemek işlerini şu ýylyň ortalaryna doly tamamlamak meýilleşdirilýär.