Ï Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary

view-icon 496
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň Magtymguly adyndaky obasynda nobatdaky mekdebe çenli çagalar edarasyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. 160 orun üçin niýetlenen çagalar bagynyň iki gat häzirki zaman binasy “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 6-njy gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy, şol birleşigiň iň oňat ussalaryna açylyş dabarasynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Täze desganyň ýaş eýeleri üçin bu gün uly baýramçylyk boldy. Olar öz döredijilik çykyşlarynda mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden söýgi bildirip, köp sanly myhmanlary şadyýan aýdym-sazlar we tanslar bilen garşyladylar. Bu ýere ýygnanan welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar olaryň şatlygyna we ruhubelentligine goşuldylar, şolar ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi hakynda atalyk alada edýändigi we üns berýändigi üçin, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ak bugdaý etrabynda täze çagalar bagynyň häzirki açylyşy hem munuň nobatdaky tassyklanmasy boldy. Onuň giň çagalar şäherçesinde çagalaryň dynç almagy, netijeli okuw we döredijilik, sagaldyş çäreleri üçin ähli şertler döredilipdir, olar iň häzirki zaman enjamlary we innowasion tehniki serişdeler bilen göwnejaý üpjün edilen ýöriteleşdirilen synp otaglarynda, aýdym-saz, tans zallarynda, sport-oýun oýnalýan meýdançalarynda geçiriler. Aşhana, lukmançylyk nokady häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Mahlasy, täze çagalar bagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bilim ulgamynda başy başlanan, çagalaryň sazlaşykly ösüşiniň iň gowy dünýä standartlaryna ugur alan ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini aýdyň tassyklaýan mekdebe çenli çagalar edarasynyň nobatdaky nusgasy boldy.