Şu gün Baharly etrabynyň merkezinde täze bina ulanmaga berildi. Bu ýerde 160 orunlyk we ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze çagalar bagy körpelere öz gapylaryny giňden açdy.
Irden çagalar bagynyň binasynyň öňünde dürli reňkdäki lentalar we şarlar bilen baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdançada ruhubelent we şatlykly ýagdaý höküm sürüp ugrady. Bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, körpeler myhmanlary goşgy okamak we tans oýnamak arkaly garşyladylar. Welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hlomatly ýaşulular, ýaşlar çagalary we ýerli ýaşaýjylary täze jaý toýy bilen gutlamak üçin geldiler. Çagalaryň öz wagtyny gyzykly we täsirli geçirmegi, olaryň sazlaşykly ösdürilip terbiýelenmegi üçin bu bina döwrebap görnüşde üpjün edilipdir.
Mälim bolşy ýaly, täze 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerini 12 ýyllyk okuw ulgamyna geçirmek boýunça döwlet Baştutany tarapyndan tassyklanan Konsepsiýa laýyklykda 6 ýaşyndaky çagalar okuwçylaryň hatarlaryna goşular. Şu täzelikleriň girizilmegi bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşynda degişli üýtgetmeler bolup geçdi, indi uly we mekdebe taýýarlaýan toparlara 5-6 ýaşyndaky körpeler goşular.
Baharly şäherçesindäki täze çagalar bagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamynda yglan edilen we şol sanda ýaş nesliň dürli ugurly ukyplarynyň we zehininiň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen okuw – terbiýeçilik işiniň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy üçin ähli zat taýyn edildi.
Iki gatly çagalar bagynyň giň binasynda dürli ýaşdaky çagalaryň her bir topary üçin zerur bolan ähli otaglar, saz we tans bilen meşgullanmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan zallar, kompýuter sowatlylygy üçin okuw otagy, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen lingafon otagy bar.
Bedenterbiýe-oýun oýnalýan toplumyň körpeleriň aýratyn ünsüni çekýän ýere öwrüljekdigine söz ýok, onda üsti ýapyk jaýlarda, şeýle hem açyk howada dürli maşklary ýerine ýetirmek we oýun oýnamak üçin niýetlenen meýdançalar bar. Toplumyň düzüminde ýyly suwly howuz we tomsuna suwa düşülýän ýer bar, şunda körpeler öz wagtyny şadyýan we saglygy üçin peýdaly geçirmek bilen çäklenmän, bellenilen wagtda suwda ýüzmegi öwrenerler.
Aşhana, geýim ýuwulýan we ütüklenýän zal döwrebap tehniki enjamlar we durmuşda ulanylýan zerur zatlar bilen üpjün edildi, binanyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler, olar mekdebe çenli täze çagalar edarasynyň ulanmaga berilmeginiň milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde döwletiň durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.