Bu günki gün Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini ösdürmek üçin ekologiýa meselesi uly ähmiýete eýedir. Ýurtda Arassa ösüşiň mehanizmi taslamasy boýunça Milli gurama döredildi. Ol tehnologiki işleriň netijesinde howa zyňylýan zyýanly maddalary bolan ykdysady ulgamyny şular ýaly tebigata ýetirilýän zyýanlary azaltmagyň ýollaryny gözlemegi, topraga, suwa we howa üçin örän az mukdarda zyýan ýetirýän önümçiligi ösdürmäge borçly edildi
Soňky ýyllarda ulag pudagynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi bilen, iri ilatly ýerlerde ulag akymy mese-mälim artdy, ýolagçy we ulag gatnawlarynyň ugurlarynyň uzynlygy artdy. Aslyýetinde, olar işlenen gazyň düzüminde bar bolan zyýanly himiki maddalaryň esasy çeşmesi bolup durýar. Netijede bolsa olar daşky gurşawa özüniň zyýanly täsirini ýetirýär.
Şonuň üçin hem 2010-njy ýylda 10 ýyl mundan ozal öndürilen ulaglary ýurda getirmäge çäklenidrme girizildi, 2011-nji ýyldan bolsa – hereketlendirijisiniň göwrümi 3,5 litrden ýokary bolan ýeňil awtolaglary getirmäge çäklendirme girizildi. Häzirki wagtda ulanyş möhleti tamamlanan awtoulaglary hasapdan aýyrmaga gözegçilik güýçlendirilýär. Mundan hem başga getirilýän jemgyýetçilik ulaglary üçin Ýewro-3 we Ýewro-4 standartlaryna laýyk gelmegi girizildi.
Ahal welaýat Tebigaty goramak müdirliginiň daşky gurşawy goramak we ekologiýa ekspertizasy bölüminiň hünärmenleri indi bir ýyldan hem gowrak wagt bäri Ýol gözegçilik döwlet gullugynyň işgärleri bilen bilelikdäki çäreleri geçirmeklerini dowam etdirýärler. Olar Aşgabatda we onuň eteklerinde hemişelik we hereket edýän nokatlarynda howanyň hapalanmagynyň ölçegini geçirýärler. Şular ýaly çäreler ulag serişdeleriniň ýagdaýyny diagnostika etmek boýunça meýilleşdirilen işler bilen bilelikde welaýatlaryň ählisiniň iri ilatly ýerlerinde geçirilýär.
Aşgabatda we onuň halkalaýyn ýollarynda gözegçilik geçirilýän ekologik nokatlarynyň ondan gowragy bardyr. Geçirilen gözegçilikleriň netijesinde käbir wagtlar zäherli zyňyndylaryň ýurtda hereket edýän kadalaryndan artyk gelýän awtoulaglaryna gabat gelinýär, ulaglardan çykýan okis uglerodynyň möçberiniň rugsat berilýän möçberden artyk gelýänigini sürüjileriň hemmesi bilip hem duranok. Ekologik gözegçiligi döwründe sürüjiler bilen gysgaça düşündiriş işleri geçirilýär, olaryň tanyşmagy üçin dürli hilli ýatlama we beýleki gollanmalar berilýär.