Ï „Aşgabat“ seýilgähiniň durky täzelener
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Aşgabat“ seýilgähiniň durky täzelener

view-icon 528
Türkmen paýtagtynyň häkimligi „Ussat“ aýribaşgalaşan kärhanasy bilen „Aşgabat“ medeniýet we dynç alyş seýilgähini taslamasyny düzmek we durkuny täzelemk boýunçä şertnama baglaşar. Şeýle hem seýilgähiň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen seýilgähiň günbatar böleginde köp derejeli awtoulag duralgasynyň taslamasyny düzmek we gurmak şertnamada göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli karara golçekdi. Resminama laýyklykda gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda doly ulanmaga tabşyrmak bellenildi. Işler Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin oňaly şertleri döretmek, şeýle hem paýtagtyň binagärlik-şäher gurluşyk keşbini mundan beýläk özgertmek maksady bilen geçirilýär.