Ï Bu ýerde – hemmeler ýeňiji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bu ýerde – hemmeler ýeňiji

view-icon 845
Baharyň hoştap howaly baýramçylyk günlerinde seniň kalbyňy daş töweregiňi gurşap alýan adamlara ýagşylyk etmek duýgusy gurşap akýar. Mümkin, hut şonuň üçindir „Ýeňme“ jemgyýetçilik guramasy Türkiýäniň Aşgabatdaky medeniýet merkeziniň zalynda „Serhetsiz owadanlyk“ bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşige çäkli mümkinçilikli gyzlaryň 15-si gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjy gyzlaryň dabaraly ýöriden soň derrew başlan bäsleşigiň birinji tapgyry „Wizit kartoçkosy“ diýlip atlandyryldy. Onuň dowamynda bäsleşige gatnaşyjy gyzlar bir minudyň dowamynda özi barada, özüniň meşgullanýan zatlary barada gürrüň berdiler. Gyzlaryň hemmesi diýen ýaly sport bilen meşgullanýan ekenler, olaryň köpüsi goşgy düzýärler, nusgawy edebiaty okamagy gowy görýärler, olaryň her biri – bäsleşigiň ýehijisi bolmaga ymtylýär.

Bäsleşigiň indiki tapgyry „Şlýapa baly“ diýlip atlandyryldy. Walsyň owazy astynda gyzlaryň ählisi zal boýunça iki sapar aýlandylar. Olar saza aýagyny goşup, şol bir wagtyň özünde hem olar tomaşaçylra saçlaryndaky öz taýýarlan şlýapajyklary görkezdiler. „Şlýapa baly“ öz ornuny has gogapkärli bäsleşige – artistlik bäsleşigine berdi. Gyzlar aýdym aýtdylar, tans etdiler, goşgy okadylar.

Soňra bäsleşige gatnaşýan gyzlar el hünäri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň bu tapgyry „Öý işi“ diýlip atlandyryldy. Gyzlaryň her biri halk senetçilik žanry boýunça haýsydyr bir zady öňünden taýýarlapdyr. Indi bolsa gyzlar saz çalynmagynyň astynda emin agzalaryna öz taýýarlan zatlaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň stoly derrew gurjaklardan, ýantorbajyklardan, tikilen ýassyjaklardan, dürli gaplardan we beýleki zatlardan dolduryldy.

Emin agzalary özara maslahatlaşmak bilen, baýrakly orunlary bermekden boýun towladylar. Onuň ýerine bäsleşige gatnaşyjynyň her birine „Näzikligiň hanymy“, „Owadanlygyň hanymy“, „Mylaýymlylygyň hanymy“, „Ýylgyrşyň hanymy“ ýaly hormatly atlaryň birini berdiler.Bäsleşige gatnaşyjylara ýadigärlik sowgatlary we baýraklar gowşuryldy.