Ï Zähmeti goramak – önümçiligiň hiliniň kepilidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zähmeti goramak – önümçiligiň hiliniň kepilidir

view-icon 2737
Türkmenistanda her ýylda mart aýynyň soňky anna güni ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda Bitewilik we gumanizm güni geçirilýär. Bu gün kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy iş ýörelgeleri – zähmet adamsy hakda alada, işleýänlere sagdyn we howpsuz iş şertlerini döretmek, zerur bolan önümçilik durmuşyny, zähmet kanunçylygyny ýerine ýetirilişi ugurlary boýunça dabaralanaýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi şu ýyl zähmeti goramagyň bir aýlygyny geçirmek barada başlangyç bilen çykyş etdi. Bu bir aýlyk çäre 29-njy martdan başlandy. Bir aýlygyň çäklerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda zähmeti goramak, işgärler üçin sagdyn we howpsuz şertleri döretmek boýunça gözden geçiriş-bäsleşik geçiriler. Bäsleşikler bitewi ölçegler boýunça zähmet adamsy barda alada gönükdirilen zähmet toparlarynyň işine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary zähmeti goramak boýunça normatiw-hukuk binýadyny döretmäge gatnaşýar, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik edýär. Kärdeşler arkalayklarynyň ylalaşygy bolmazdan senagat kärhanasynyň ýa-da önümçiligiň biri hem işe başlap bilmýär. Şunlukda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän zähmet tehniki we hukuk inspeksiýasy döredildi. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde döredilen kärdeşler arkalaşyklarynyň territorial birleşiklerinde hem kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmet tehniki we hukuk inspeksiýalary herekt edýär.

Zähmetiň tehniki we hukuk inspektorlary kärhanalaryň işgärleriniň sagdyn we howpsuz zähmeti boýunça olaryň bähbitlerini we kanuny hukuklaryny goraýarlar, agyr zähmet üçin, zyýanly we howply iş şertleri üçin, işgärleriň zähmet şertnamalryny ýerine ýetirmek bilen bagly saglygyna zyýan ýetende kompensasiýalary almaga kömek edýärler, zähmetkeşleriň oňaýsyz iş şertleri bilen baglanyşykly işi ýerine ýetirmekden boýun towlan wagtlarynda, şeýle hem bu görkezilen sebäp boýunça zähmet şertnamasyny pozan wagtynda kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary we iş berijiniň wekilleri bilen derňew geçirýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşlar arkalaşyklarynyň Ustawyna laýyklykda, olar durmuş-ykdysady, zähmet hukuklaryny we döwlet guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiliginiň gňrnüşine garamazdan telekeçileriň we olaryň birleşikleriniň özara gatnaşyklarynda işgärleriň kanuny bähbitlerini goraýar. Zähmet Kodeksiniň 178-nji maddasynyň 17-nji böleginiň ikinji bňlümine laýyklykda iş beriji guramalarda zähmeti goramagyň şertlerini barlamak maksady bilen, önümçilikde betbagtçylyga uçranlara hem-de kesellänlere jemgyýetçilik gözegçileriniň wekillerine päsgelçiliksiz derňew geçirmegi üpjün etmäge borçlydyrlar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmeti goramak ulgamynda işleriniň beýleki bir möhüm ugurlarynyň biri hem durmuş hyzmatdaşlygydyr. Ol işgärleriň we iş berijileriň bähbitlerini, zähmet we beýleki gönüden göni gatnaşyklar bilen baglanyşykly işler boýunça ylalşygy üpjün etmäge gönükdirilendir, zähmet gatnaşyklaryny, jedelli meselelri sazlaşdyrmagyň, dawalary çözmegiň hereket ediji mehanizmi bolup durýar hem-de biziň ýurdumyzda ykdysady we syýasy durnuklylyk üçin öňünden şertleri döredýär. Iş berijiniň we kärhananyň işgärleriniň adyndan çykyş edýän kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň arasyndaky durmuş hyzmatdaşlygynyň çäklerinde köpçülikleýin şertmalar we ylalaşyklar baglaşylýar. Köpçülikleýin şertnama işgärleriň, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň, zyýanly ýa-da howply iş şertleri üçin kompensasiýa tölemek, iş şertlerini we zähmeti goramak meseleleri boýunça hem işgärleriň, hem iş berijiniň özara borçnamalary goşulýar. „Zähmeti goramak“ köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) esasy bir bölümi bolup durýar.

Kärdeşler arkalaşyklary iş berijileriň we olaryň wekilleriniň zähmet kanunçylygynyň we zähmet hukuklarynyň normalary bolan beýleki normatiw hukuk aktlarynyň ýerine ýetirişlerine jemgyýetçilik gözegçiligini ýerine ýetirýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň gözegçiligi zähmet gatnaşyklaryny sazlaşdyrýan: zähmet şertnamasy, iş wagty we dynç alyş wagty, zähmete hak tölenişi, kepilnamalar we kompensasiýalar, ýeňillikler we artykmaçlyklar, şeýle hem degişli kärdeşler arkalaşyklarynyň agzasy işleýän guramalarda beýleki durmuş-zähmet meseleleri boýunça ähli kadalarayň ýerine ýetirilmegine degişlidir.