Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar açylýar

view-icon 504
Şu gün Beýik Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş merkeziniň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup geçýän beýik özgertmeleriň ýene-de bir nyşany bolan häzirki zaman saglyk öýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Munuň özi şu ýyl Amyderýa jülgesinde işe girizilen eýýäm ikinji saglyk öýüdir. Fewral aýynda Halaç etrabynyň “Esenmeňli” geňeşliginiň oba ýaşaýjylary şonuň ýaly sowgat aldylar.

Mälim bolşy ýaly, milletimiziň saglygyny goramak, ilatymyzyň belent ýaşaýyş derejesini gazanmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda obalarda we şäherçelerde dünýäniň meşhür önüm öndürijilerinden getirilen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalaryň gurulmagy bu ugurda ýokary netijeleriň gazanylandygyny görkezýär. Şu gün Dostluk şäherçesinde işe girizilen, 30 näsag üçin niýetlenilen täze sagaldyş merkezi şol talaplara doly laýyk gelýär, onda näsaglara ýokary hünärli bejeriş, keselleri anyklaýyş we maslahat beriş kömegini etmek üçin ähli şertler döredildi. Lukmançylyk tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen rentgen, hirurgiýa, terapewtiki, diş bejeriş, ginekologiýa, fizioterapewtiki, amal otaglary, şeýle hem UZI, EKG otaglary, barlagnana näsaglara hyzmat edýär. Bu ýerde gündizki stasionar hem bar. Hassahanada maşgala lukmanlaryň işi üçin hem amatly şertler döredilipdir. Ökde hünärli hünärmenler her gün howany tämizleýiş ulgamlary bilen üpjün edilen giň we oňaýly otaglarda näsaglary kabul ederler. Bu desga ýylylyk, suw we energiýa üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy bilen üpjün edilipdir. Bejeriş şäherçesiniň çäkleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossangyla bürelipdir.

Ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman binagärlik keşbinde gurlan saglyk öýüniň açylyşy aýdym – sazlar, tanslar bilen hakyky baýramçylyga beslendi. Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular şäherçäniň ýaşaýjylaryny bu şanly waka bilen gutladylar. Döwlet Baştutanynyň ýadawsyz adadasy netijesinde ýurdumyzda işläp gelýän saglygy goraýyş ulgamy iş ýüzünde ýokary derejede elýeterlidigini we netijelidigini görkezdi diýip dabarada çykyş edenler bellediler. Dabarada täze hassahananyň işgärlerine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan tiz kömek awtomobili sowgat berildi. Dabara gatnaşyjylar şu gymmatly sowgat üçin, şeýle hem saglygy goraýyş babatda ýöredýän öňden görüjilikli syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, Türkmenistanlylaryň abadançylygy we rowaçlygy şol syýasatyň esasy maksady bolup durýar.

Saglyk merkeziniň açylyş dabarasynda bu desgany gurmakda tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.