Ï TDH-niň täze internet – taslamasynda alahteke bedewleri barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDH-niň täze internet – taslamasynda alahteke bedewleri barada

view-icon 711
Internet ulgamynda ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan täze web-saýt açyldy. “Ganatly ahalteke bedewleri” atly web-saýt Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahat beriş goldawynda taýýarlanyldy.

TDH-niň bu nobatdaky saýty ( ahalteke.gov.tm salgysy boýunça ýerleşdirildi) ählumumy ulgamda biziň ýurdumyzyň häzirki zaman atçylyk we atçylyk sporty ulgamlary, şol sanda bu babatda halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem türkmen halkynyň ganatly bedewler bilen baglynyşykly baý däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar.

Saýtyň esasy maksady umumadamzat gymmatlygy hökmünde gadymy döwürlerde türkmen topragynda dörän ahalteke bedewleriniň täsinligini, milli atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, halkymyzyň bedewlere goýýan uly sarpasy barada gürrüň bermekden ybaratdyr.

Täze web –saýtyň şeýle asylly maksada gönükdirilmegi bütin dünýäde ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmegiň täze usullaryny gözläp tapmak, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şu ugurda taryhy we seljerme ylmy barlaglary geçirmek üçin esas döredýär.

Türkmen, rus we iňlis dillerindäki täze internet – serişdäniň amatly düzümi hem-de döwrebap bezegi ulanyjylaryň ählisi üçin onuň örän amatly we özüneçekiji bolmagyny üpjün edýär.

Saýtyň materiallary bilen tanyşlyk onuň esasy sahypasyndan başlanýar. Täsin suratlary özünde jemleýän özboluşly slaýd – şüweleň bu sahypanyň bezegi boldy. Şol suratlarda ajaýyp bedewler at çapyşyklary mahalynda, tebigatyň gözel ýerlerinde hem-de uly baýramçylyk dabarasynda şekillendirilipdir. Bu özboluşly baner ahalteke bedewleriniň gözel we ummasyz dünýäsine aralyşmaga mümkinçilik berýär.

Saýtyň materiallarynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ajaýyp bedewler barada edilýän aladany doly şöhlelendirýän: “Biz özümiziň bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyzdyr we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzyň çeşmesidir... ” diýen sözleri ýerleşdirilipdir.

Şol ýerde, esasy sahypada hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bagyşlanan kitaplary hödürlenilýär, olar bilen üç dilde doly möçberde tanşyp bolýar. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan neşir edilýän “Ganatly ahalteke bedewleri” atly žurnalynyň çapdan çykan sanlary bilen hem tanyşmak bolýar. Indi bu žurnal özüniň halkara okyýjylar köpçüliginiň hatarlaryny has-da artdyrar.

Türkmen bedewleriniň gözelligini we ýyndamlygyny, biziň çapyksuwarlarymyzyň ussatlygyny görkezýän wideorolik hem özüne çekijidir. Mundan başga-da, saýtda dürli wakalardan we baýramçylyklardan täsin pursatlary şöhlenendirýän surat galereýasy hem hödürlenilýär.

“Täzelikler” atly umumy sözbaşyda ýerleşdirilen materiallarda okyýjylar ýurdumyzyň atçylygyna hem-de atçylyk sportuna degişli wakalar, dürli gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler, dürli pudaklaýyn hem-de baýramçylyk çäreleri, sergiler we beýlekiler barada maglumatlary alarlar.

Türkmenleriň köp müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu täsin tohumyň ösdürilmeginiň özi hem biziň halkymyzyň ýokary ussatlygyna we zehinine şaýatlyk edýär. Çünki diňe ähli güýç-gaýratyňy, ähli zehiniňi we başarnygyňy ulanyp, tebigat bilen sazlaşykda şeýle gymmatlygy döretmek mümkindir. “Makalalar” atly umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen makalalar arkaly ahalteke tohum atlarynyň döreýşiniň we ösüşiniň taryhynyň sahypalary bilen tanyşmak bolýar. Bu bölümde ýerleşdirilen materiallar häzirki wagtda seýisleriň bu naýbaşy bedewleriň iň gowy tohumlyk häsiýetlerini kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak boýunça geçirýän işleri barada hem gürrüň berilýär.

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi ahalteke tohum atlarynyň ähli gymmatlyklaryny hem-de atçylygyň ajaýyp däplerini dikeltmek wezipesini çözmek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bu meselelere aýratyn üns hem-de ýakyndan goldaw bermegi netijesinde şol baý däp-dessurlar gaýtadan dikeldilip, täze öwüşgüne eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymy milli gymmatlyklaryny dikeltmek bilen baglynyşykly syýasaty ahalteke bedewleriniň we türkmen atçylarynyň hem-de çapyksuwarlarynyň şähratyny dikeltmäge gönükdirilendir. Şol gymmatlyklaryň arasynda bolsa ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir. Türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarynda hem-de bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp ýeňişleri netijesinde, bu şöhrat has-da beýgelýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň hem at çapmagy we atly gezelenç etmegi halaýandygyny, ajaýyp ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýandygyny bellemelidiris.

Berkarar döwletimiziň bagtaýarlyk döwründe uly ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde şan- şöhratyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi bilen bu meşhur tohumyň iň gowy wekilleriniň bäsleşigi – ajaýyp bedewleriň gözelliginiň özboluşly gözden geçirilişi yglan edildi. Bu atlar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr.

Munuň özi Türkmenistanda milletiň medeni mirasyny aýawly saklamaga, hususan-da, atçylygy ösdürmäge uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça giň möçberli we örän ähmiýetli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap aýlawlar guruldy. Olar diňe bir at çapyşyklarynyň geçirilýän ýeri bolman, eýsem, sportuň bu milli görnüşini köpçülikleýin wagyz etmegiň we ösdürmegiň özboluşly merkezlerine öwrüldi. Ruhabat etrabyndaky Halkara atçylyk sport toplumy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu toplum barada saýtyň aýratyn makalasynda gürrüň berilýär. Ol köp sanly suratlar bilen bezelipdir.

Özleriniň eserlerinde täsin atlaryň gözelligini beýan eden türkmen suratkeşleriniň döredijiligi baradaky makalada bolsa bedewleriň türkmen şekilendiriş sungatyndaky keşbi barada gürrüň berilýär.

“Ahalteke bedewleri” atly umumy sözbaşynyň astynda berlen makalalar dolulygyna ajaýyp tohum atlara bagyşlanýar. Bu ýerde atlar baradaky zerur bolan maglumatlaryň ählisi olaryň gelip çykyşy hem-de sport häsiýetleri, çempionlyk derejeleri, alan baýraklary we ýaryşlardaky iň uly ýeňişleri barada maglumatlar getirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň atçylygyny hem-de atçylyk sportuny ösdürmek babatda täze maksatlary, wezipeleri we meýilnamalary öňde goýup, olaryň ösdürilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Şundan ugur almak bilen, saýty döredijiler Türkmen bedewiniň baýramy bilen baglanyşykly wakalaryň çäginden çykyp, bu saýtyň has giň gerimli bolmagy barada alada etdiler. Şeýlelikde, aprel aýynda boljak uly dabaralaryň öňüsyrasynda açylan bu saýt özbaşdak ýöriteleşdirilen serişde hökmünde mundan beýläk-de işjeň ösdürilip bilner. Ol diňe bir ahalteke atçylygy ulgamynda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat etmän, eýsem, beýleki köp sanly ugurdaş meseleleri hem gozgap biler.

Şunuň bilen baglylykda, saýtyň ýerine ýetirýän wezipeleri has-da giňelip, peýdaly hyzmatlar, materiallar, teswirlemeler, ylmy makalalar, suratlar hem-de wideoýazgylar bilen üsti ýetiriler. Ahyrky netijede bolsa, bu internet – taslama ählumumy ulgamda zerur bolan elektron neşirini döretmekden hem-de meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam etmekden we olary giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Öz nobatynda, “Ganatly ahalteke bedewleri” atly saýt geljekde türkmen halkynyň mirasyna we iň gowy däp-dessurlaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýöriteleşdirilen web-serişdeleriň elýeterli bolmagyny üpjün edýän özboluşly milli portala girer.