Ï Talap edilenden teklip edilen köp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talap edilenden teklip edilen köp boldy

view-icon 447
Türkmenbaşyda Balkan welaýatynyň şäher zähmet we ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek bölüminiň guramagynda soňky ýarym ýylyň dowamynda ikinji sapar guran iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirildi.

Bu çärä gatnaşyjylaryň sanynyň artmagyndan, köpçülikleýin işe ýerleşdirmek boýunça durmuş çäresinden çen tutsaň, bu çäräniň deňiz kenarynyň ilatynyň arasynad barha meşhurlyga eýe bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Iş orunlarynyň oýlanyşykly mahabat edilmegi boş iş orunlaryny ulanmagyň netijeli görnüşi bolup durýar hem-de ýarmarka gelýänlere boş iş orunlaryny tiz kesgitlemäge we olara işe ýerleşmek üçin ýollanma almaga kömek edýär.

Kärhanalaryň ähli görnüşleri tarapyndan teklip edilen geçen gezekki boş iş orunlaryny bölmekde „Awaza“Milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň ikinji tapgyrynda iş alyp barýan gurluşyk guramalary öňdeligi eýeledi. Bu gezekki ýarmarkada hem olaryň sany azalmady, ýone bu gezek Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we onuň täze iň häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklarynda iri göwrümli gurluşyklara başlan potratçy kompaniýalary boş iş ýerini hödürlemekde öňdeligi eýelediler.

Umumylykda kenar ýakasynyň hojalyk kärhanalarynyň 37-si ýarmarka gelenlere saýlamaga 492 sany boş iş orunlaryny höddürledi. Hödürlenen boşş iş orunlary boş iş orunlaryna bolan islegden has köp boldy.