Ï Türkmenistanda halk maslahatynyň we Geňeşiň çykyp giden agzalarynyň ornuna saýlawlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halk maslahatynyň we Geňeşiň çykyp giden agzalarynyň ornuna saýlawlar geçirildi

view-icon 542
Şu gün Türkmenistanda halk maslahatynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ornuna giň bäsdeşlik esasynda saýlawlar geçirildi. Ol türkmen jemgyýetiniň durmuşynda demokratik esaslary pugtalandyrmagyň, halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerini dikeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu derwaýys jemgyýetçilik – syýasy waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän döwlet işlerinde netijeli hereket edýändigini alamatlandyrdy.

Ýerli öz - özüňi dolandyryş guramalarynda öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarynyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan mynasyp dalaşgärler çykyş etdiler. Halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygynyň bir ýerine birnäçe dalaşgärler görkezildi. Şeýlelikde, ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, bu gezekki saýlawlar hem giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.

Jemgyýetçilik – syýasy çäräniň tamamlanan pursadyna çenli Aşgabat şäheriniň üç saýlaw okruglarynda şäher halk maslahatyna saýlawlar boýunça we iki okrugda etrap halk maslahatyna saýlawlar boýunça degişlilikde saýlawçylaryň 85,27 we 84,11 göterimi ses berdi.

Ahal welaýatynda bir okrugda welaýat halk maslahatyna saýlawlar boýunça we bir okrugda etrap hem-de şäher halk maslahatyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň degişlilikde 85,09 we 84,39 göterimi öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirdi.

Balkan welaýatynda bir okrugda welaýat halk maslahatyna we 13 okrugda etrap hem-de şäher halk maslahatyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň degişlilikde 84,43 we 84,23 göterimi ses berdi.

Daşoguz welaýatynda iki okrugda welaýat halk maslahatyna saýlawlar boýunça we 6 okrugda etrap we şäher halk maslahatyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň degişlilikde 85,36 we 85,98 göterimi ses berdi.

Lebap welatynda 7 okrug boýunça welaýat halk maslahatyna saýlawlar boýunça we 8 okrugda etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň degişlilikde 85,20 we 85,11 göterimi ses berdi.

Mary welaýatynda welaýat halk maslahatyna saýlawlarda bir okrug boýunça we etrap hem-de şäher halk maslahatlaryna saýlawlarda 13 okrug boýunça saýlawçylaryň degişlilikde 86,13 we 86,16 göterimi ses berdi.

Sagat 19-a çenli ses bermäge hukugy bolan türkmenistanlylaryň Ahal welaýatynda 7 okrug boýunça şäherleriň we etraplaryň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerindäki Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler üçin saýlawçylaryň 85,11 göterimi, Balkan welaýatynda 5 okrug boýunça 84,50 göterimi, Daşoguz welaýatynda 14 okrug boýunça 87,31 göterimi, Lebap welaýatynda 7 okrug boýunça 86,32 göterimi, Mary welaýatynda 36 okrug boýunça 85,75 göterimi ses berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna habar bermeklerine görä, ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ýakyn wagtlarda ses bermegiň gutarnykly netijeleri yglan ediler.

Ýerlerde saýlawlary geçirmegiň ähli tapgyrlaryna milli synçylar tarapyndan doly gözegçilik amala aşyryldy. Olar giň bäsdeşlik, doly aýanlyk we aç-açanlyk häsiýetine eýe bolan bu saýlawlara ýokary baha berdiler.

Ýerlerde sesleri jikme-jik sanamak işleri dowam etdirilýär. Agzybir we jebis türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nobatdaky gezek hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, häzirkizaman türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa gpeçirilýän iri möçberli özgertmeler syýasatyny doly goldap ses berendigini ynam bilen aýtmak bolar.